Bagtly çagalyk — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Döwlet Baştutanymyz bu haýyr-sahawat gaznasyna ilkinji bolup öz gazanjyndan serişde goýdy. Täze döredilen gaznanyň serişdeleri şol çagalaryň tölegli saglyk, bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, mynasyp dynç almaklary we beýleki zerurlyklary üçin gönükdiriler.
Milli Liderimiziň bu asylly başlangyjy nebitgaz toplumynyň işgärleri, ähli türkmenistanlylar tarapyndan doly goldanyldy. Türkmenistanyň Merkezi bankynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasaby açyldy (390101101).
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasaplarynyň belgileri
milli manatda — 23205934110100100000000;
amerikan dollarynda — 23205840110100200000000;
ýewroda — 23205978110100300000000.
Döwletmyrat PIRLIÝEW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Geologiýa we gaz ýataklaryny işläp geçmek müdirliginiň başlygynyň orunbasary:
— Hormatly Prezidentimiziň syýasaty milli ruhy gymmatlyklara we umumadamzat maksatlaryna esaslanandyr. Milli Liderimiziň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda asylly başlangyjy munuň ýene bir subutnamasy bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şeýle setirlerini mysal getirdi:
«Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy».
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bagtly adamlar köp, ýöne gynansak-da, durmuşda kim ejiz bolýar, ýene biri bolsa, ene-atanyň mährinden ir galyp, durmuşyň ajysyny datmaly bolýar. Ata-babalarymyz özüniň malyndan, halal gazanjyndan bir sebäp bilen başyny alada aldyran, güni güzaply geçýän adamlar ýa-da ýetim çagalar üçin aýryp goýmagy-da däbe öwrüpdirler. Şeýle etmek bilen olaryň aladasyny, agyr gussasyny, azajyk hem bolsa, egismäge çalşypdyrlar.
Täze haýyr-sahawat gaznasy ene-ata mährinden ir galan çagalara ýardam etmekde uly orun eýelär. Bu başlangyç ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda zähmete söýgi, bilime höwes döretmekde, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmekde, çagalaryň we ýaşlaryň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyny kepillendirmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Akmyrat AMANOW, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň başlygy:
— Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Bu ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarda öz beýanyny tapýar.
Ýaşlara terbiýe bermek — bu örän möhüm wezipe. Hut çagalykdan başlap şahsyýetiň esasy aýratynlyklary, ruhy-ahlak gymmatlyklary, zähmete söýgi we maksada okgunlylyk ýaly häsiýetler kemala getirilýär. Olar, ozaly bilen, maşgalada önüp-ösüp, çaga söýgini, üns-aladany duýýarlar, başgalaryň dertli gününde derdini, begenen gününde şatlygyny paýlaşmagy, özi hem-de ýakynlary üçin jogapkärçilik çekmegi öwrenýärler, köp zady bilmäge çalyşýarlar.
Ene-atanyň mährinden ir galan çagalar hakynda aladany döwletimiz öz üstüne alyp, olaryň uly we bagtly maşgala bolup, üns-alada bilen gurşalandygyny duýup ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasy ilatyň has ejiz gatlagyna goldaw bermek çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň asylly ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup durýar.
Aýna GURBANOWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň iş ýöredijisi:
— Ösüp gelýän nesil barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu syýasatyň esasynda türkmen halkynyň ynsanperwer gymmatlyklary, ruhy däpleri durýar.
Çagalar — eziz Watanymyzyň geljegi. Bu gün ýurdumyzda çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi.
Berkarar Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpugurly işleri üçin milli Liderimize nebitgaz senagatynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etmek isleýärin. Biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda asylly başlangyjy doly goldaýarys.
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…
Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.