Garaşsyzlygymyz bizi topragyň baýlyklarynyň hakyky eýesi etdi
Bu günki gün türkmen topragynyň baýlyklary barada gürrüň açylanda, ilkinji nobatda, gazdyr nebitiň agzaljakdygy gümansyzdyr. Ýöne, XX asyra çenli bu topragyň astynda ýatan gaz atly ummasyz baýlykdan peýdalanylmandyr. Emma, nebit welin, biziň ata-babalarymyza öňräkden bäri mälim eken. Miladydan öňki I asyrda gadymy grek geografy Strabon: «Oh derýasynyň golaýynda ýer gazyjylar ýag çeşmelerini tapypdyrlar diýen gürrüň bar. Dogrudanam, eger ýurtda aşgarly, kükürtli suwlar bar bolsa, onda diýmek, ol ýerde ýagly suwlaryňam bolup biljegine ynanaýmaly». Elbetde, bu ýerde gürrüňiň nebit ýataklary barada gidýändigi düşnüklidir.
Alymlaryň arasynda Strabonyň «Oh» diýýäniniň häzirki Tejen derýasydygy baradaky pikiri öňe sürýänlerem bar, käbirleri bolsa ony Etrek diýip çaklaýarlar. Olaryň arasynda Strabonyň Lebap welaýatyndaky nebit ýataklarynyň gürrüňini edýändigi baradaky pikiriň tarapyny tutýanlaram bar. Alymlaryň aýry topary bolsa Strabonyň suratlandyrmasynda nebitden başga-da aşgarly we beýleki çeşmeleriňem getirilmeginden çen tutup, gürrüň Çeleken (häzirki Hazar) barada barýar diýen pikiriň tarapynda durýarlar. Garaz, şu pikirleriň haýsy biri dogry bolaýanlygynda-da, gürrüňi edilýän waka Türkmenistanyň çäginde bolup geçipdir.
Strabonyň ýaşan döwürlerinde Türkmenistanyň tutýan meýdany Gündogaryň üç uly döwletleriniň – Parfiýa imperiýasynyň, Köneürgenç döwletiniň we Beýik Kuşan döwletiniň hataryna giripdir. Nebitiň alnyşy bolsa hut Parfiýa döwletinde ýola goýlan bolmaly. Gadymy döwürlerde ýaşap geçen meşhur taryhçy Pliniý hem öz işlerinde Parfiýa döwletine degişli bolan Astauen welaýatynda nebitiň akýandygy barada gönüläp ýazypdyr. Onuň aýdyşyna görä, nebit şol döwürler, ilkinji nobatda, ybadathanalarda, otparazçylyk dessurlary bilen baglanyşyklylykda ulanylan bolmaly. Şeýle-de, parfiýaly urşujylaryň jeň wagty nebite batyrylan oklary ulanandyklary hem taryhda ýatlanylyp geçilýär.
XIII asyrda ýaşap geçen Muhammet ibn Nejip Bekranyň «Jahannama» atly kitabynda-da Günbatar Türkmenistanda nebit alynýandygy barada aýdylýar.
Taryhyň dürli sahypalaryna ser salanyňda, biziň topragymyzdaky nebit barada gürrüň açylanda, esasan Çeleken (häzirki Hazar) bilen baglanyşykly çaklamalardyr ýatlamalar orta atylýar. Munuň özi tötänden däldir. Sebäbi XX asyryň başlaryna çenli diňe şol ýerde nebit alnypdyr diýlen ýaly. Irki taryhy çeşmelerde Çelekeniň (Hazaryň) adynyň «Nebitli ada» diýlip getirilmegi hem ýöne ýerden däldir. XVIII asyrda Hazar deňziniň ýakasynda işlän daşary ýurt söwda kompaniýalarynyň biriniň wekili bu adada ogurjalylaryň 30-dan gowrak maşgalasynyň ýaşap, olaryň esasan balykçylyk bilen meşgullanandygy, şeýle-de birnäçe nebit guýularynyň bardygy hakda ýazýar. Ogurjalylaryň nebiti töwerekdäki ilatly ýerlere äkidip, söwda edendikleri hakda-da maglumatlarda getirilýär.
Garaz, bu topragyň astyndaky baýlyklar baradaky maglumatlar taryhyň dürli döwürleri bilen baglanyşykly getirilýär. Olardan çen tutsaň, nebitdir ozekeritden, az mukdarda-da bolsa, biziň ata-babalarymyz öz ykdysady ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin peýdalanypdyrlar. Olaryň gämileriň üsti bilen nebiti goňşy döwletlere satandyklary hakda-da taryhy çeşmeler gürrüň berýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz bizi bu topragyň baýlyklarynyň hakyky eýesi etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda nebit senagaty bilen baglanyşykly dürli kärhanalaryň gurulmagy Türkmenistan diýarymyzy bu ugurda ösüşiň belent sepgitlerine alyp çykdy.
Taýýarlan Mähri HANGELDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.