Habarlar

Seýdiniň NGIZ-de bitum önümçiligi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň girdejisiniň artmagyny üpjün eder — bilermen

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1143/original-1608841d6ac4fb.jpeg

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary hilli bitumyň önümçiligi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň girdeji böleginiň artmagy üçin şertleri döredýär diýip, CentralAsia-nyň bilermeni, tehniki ylymlarynyň doktory Allaberdi Ylýasow belleýär.

Seýdiniň NGIZ-de öň ýol bitumyny taýýarlamak boýunça innowasion tehnologiki enjam işe girizildi. Bu innowasion tehnologiýa Westport Trading Europe Limited kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Tehnologik çözgütler nebitden ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýol bitumyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa türkmen nebitgaz bazarynyň täze sepgitlere giňelmegine ýardam edýär.

Seýdiniň NGIZ-däki tehnologik desga — nebit çigmalynyň wisbreking prosesine esaslanýan ýurtdaky ilkinji önümçilikdir. Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň bu çözgüdi agyr nebit galyndylaryny, nebit geçirimden soňra galýan galyndylary gaýtadan işlemekligi we binýatlaýyn nebit önümlerini taýýarlamak üçin komponentleri almaga mümkinçilik berýär.

Bu tehnologiýa, ýokary parafin düzümi bolan nebitden häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli ýol bitumyny almaga mümkinçilik berýär. Netijede, bu nebiti çuňňur gaýtadan işlemäge we Türkmenistanda uglewodorodlary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Nebit bitumy awtoulag ýollarynyň gurluşygynda aýrylmaz element hökmünde ulanylýar. Awtoýollaryň çydamlylygy, ygtybarlylygy, deformasiýa we suwa garşy durnuklylygy esasan ulanylýan bitumyň hiline baglydyr. Türkmenistanda awtoulag ýolunyň giňelmegi sebäpli ýokary hilli bitum öndürmek birinji orunda durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda nebit we gaz önümçiliginde asfalt beton ýollaryň, paýtagt bilen sebit merkezleriniň arasyndaky awtoulag ýollary, şol sanda halkara ähmiýetli awtoulag ýollary gurluşygy çalt depginde alnyp barylýar.

Talabalaýyk hilli ýollar ýolagçy gatnawyny we ýük dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şoňa laýyklykda ýokary hilli bitumyň Türkmenistandan eksporty milli býujetiň üstüni ýetirer.

Infrastruktura awtoulag ýollarynyň gurluşygy, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2025-nji ýyla Maksatnamasynyň strategiki ugurlaryndan biridir, çünki olar içerki ulanmak üçin hem-de halkara üstaşyr gatnawyny üpjün etmek üçin zerurdyr. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyk mümkinçiligini artdyrýar.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.