Türkmenistanda 1-nji noýabyrda ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisi öz işine başlar
«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, wirtual serginiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisi şu ýylyň 1-nji noýabrynda Internet ulgamynda öz işine başlamagyny meýilleşdirilýer.
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual diwarlyklar, şeýle hem umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi adamlara çäk taýdan uzak aralykda ýerleşmegine garamazdan, olara gyzyklandyrýan maglumatlaryny gije-gündiziň dowamynda almagyna mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda wirtual diwarlygyň ýöriteleşdirilen maglumatlar bölümlerinde gatnaşyjylaryň önümleri we hyzmatlary ýerleşdirildi. Olar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler.
«Wirtual sergi» taslamasynyň amala aşyrylmagy gazanylan işewür üstünlikleri görkezmek, netijeli mahabat işi, täze hyzmatdaşlary tapmak usuly, täze şertnamalary baglaşmak, bazaryň ýagdaýyna baha bermek, onda öz ornuňy kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolar. Şeýle sergileri Türkmenistanda giňden ornaşdyrmak üçin innowasion tehnologiýalary we nou-haulary zerur boldugyça işjeň çekmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.