Kazana Serdar Berdimuhamedowyň Mihail Mişustin bilen duşuşygy boldy
Kazana saparyň maksatnamasynyň çäklerinde 30-njy aprelde ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy -- Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygy boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Russiýanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Söwda-ykdysady, medeni-ynsenperwer ulgamlarda bolşy ýaly, agzalan ugurlara hem okgunly häsiýet mahsusdyr. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki Hökümetara toparynyň hyzmatdaşlyk meselelerini çözmekde hem-de onuň geljegi uly bolan ugurlaryny işläp düzmekde eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi.
Bir aý mundan öň türkmen wekiliýetiniň Moskwa şäherine bolan iş saparynyň jemleriniň köpýyllyk özara gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi. Onuň çäklerinde russiýaly kärdeşler bilen duşuşyklaryň 60-dan gowragy geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalaryň 10-dan köprägine gol çekildi.
Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen açyklyk, dostlukly, syýasy gatnaşyklaryň türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösüşiniň esasy şertidigi nygtaldy. Döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin mäkäm hukuk binýady döredildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň geçen ýyl ABŞ-nyň 1 milliard 380 million dollaryna golaý bolandygy bellärliklidir.
Türkmenistanyň hem-de RF-nyň Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri ýaly iri sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga sazlaşykly häsiýet mahsusdyr.
Ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde, ýurtlaryň ikisinde hem dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilip, bilim ugry boýunça däbe öwrülen gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň sany barha artýar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.