Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahaty geçirildi

Аrassaçylyk babatda abadançylygy saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen geçiren iş maslahatynda ara alyp maslahatlaşyldy.
N.Amannepesow bu ugurda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berip, ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde dörän ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişendigini belldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Dolandyryş merkezi we Türkmenabat şäherinde Ýerli Dolandyryş merkezi döredildi.
Ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamy döredildi. Serhetýaka çäklerdäki etraplaryň arasynda gözegçilik nokatlary döredilip, ilatyň hereketine we saglyk ýagdaýyna gözegçilik işleri amala aşyryldy, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň ählisi tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan serişdeler hem-de dikuçarlar bilen üpjün edildi.
Daşary ýurtlarda bolup gelen raýatlaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde hem-de Garabogaz şäherçesinde meýdan gospitallarynyň işi guraldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu ýokanç keseliň dünýäde ýüze çykan ilkinji günleri şol döwletde okaýan talyplarymyz, şeýle hem epidemiologik ýagdaýy çylşyrymly bolan beýleki döwletlerde okaýan talyplarymyz we raýatlarymyz ýörite uçar arkaly ýurdumyza getirildi we bu işler häzirki döwürde hem dowam edýär.
Ýokanç keselleri halkara ülňülere laýyk gelýän Polomeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) barlagy arkaly anyklamak üçin ýurdumyz boýunça paýtagtymyzda we welaýatlarda 19 sany barlaghana hereket edýär. Bu barlaghanalar Günorta Koreýa, Şweýsariýa, Germaniýa we Türkiýe döwletlerinden getirilen anyklaýyş serişdeleri bilen üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümleri bilen ulgamlaýyn üpjün etmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde derman serişdeleri satyn alyndy we ýurdumyza getirilip, bu keseliň öňüni almak maksatlary üçin ulanyldy.
Mundan başga-da, möwsümleýin dümew keseline garşy waksinanyň 240 müň dozasy ýurdumyza getirildi hem-de ilatymyzyň töwekgel toparlarynyň arasynda sanjym işleri geçirildi we bu işler dowam edýär. Agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini hem-de lukmanlar üçin niýetlenen egin-eşikleri öndürmek ýola goýuldy.
N.Amannepesow milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada edýän hemaýat-goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen lukmanlarynyň ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Ministr şeýle hem milli Liderimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanmaga taýýar edilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky ýokanç keseller hassahanasynyň we Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesindäki şypahananyň açylyş dabarasyna ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň köp ýurtlarynda koronawirus ýokanjynyň täzeden möwç almagy ynjalyksyzlyk döredýär diýip, hökümetiň bu ýagdaýy gözegçilikde saklaýandygyny hem-de zerur bolan çäreleri görýändigini nygtady.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistan ýurtlaryň jebisligi, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna, şol sanda COVID-19 bilen bagly howplara garşy göreşmekde olaryň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş edýär.
Döwletiň çägine gelmegi, ýurduň içinde hereket etmegi çäklendirýän öňüni alyş çäreleri, örtügiň dakynylmagy, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmatlar edaralarynyň wagtlaýyn ýapylmagy, awiasiýanyň kömegi bilen uly çäkleriň zyýansyzlandyryş erginleri bilen işlenilmegi, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýörite niýetlenen ýerleriň döredilmegi hem-de beýleki möhüm çäreler oňyn netijesini berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pandemiýanyň ilkinji günlerinden ýokanjyň diňe bir howa-damja ýoly arkaly däl, eýsem, howa-meýdan arkaly hem ýaýraýandygy baradaky çaklama aýdyldy we ol tassyklanyldy. Munuň özi ýokanjyň çägini ep-esli giňeldýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmagy, howpsuz aralygy saklamagy, elleri zyýansyzlandyrmagy, beden gyzgynyna gözegçilik etmegi, üzärlik tütetmegi, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guramagy hem-de düşündiriş, wagyz ediş çärelerini geçirmegi ýola goýmagy tabşyrdy.
Ýagdaýa yzygiderli gözegçilik etmek saglygy goraýyş edaralarynyň, öňüni alyş çärelerine gatnaşýan ähli düzümleriň we ilatyň bilelikdäki işi durnukly ýagdaýy saklamaga, ýurdumyzda howply ýokanjyň peýda bolmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz ilatymyzyň häzirki döwürde dünýä döwletlerinde täze koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen täze iň ýokary hilli waksinany satyn almak boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek, ýurdumyzda agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini öndürmegi dowam etmek hem-de ätiýaçlyk goruny döredip, olaryň üstüni dolduryp durmak barada anyk görkezmeleri berdi.


Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.

Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.