Makalalar

TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12434/original-1699c18b017e55.jpeg

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

Häzirki wagtda «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylan TOPH-nyň birinji tapgyrynyň gurluşyk işleri Owganystanyň çäginde işjeň alnyp barylýar. Bu taslama giň halkara goldawyna eýe bolup, şol sanda ABŞ tarapyndan hem goldanylýar. Ol Günorta Aziýa ýurtlarynyň barha artýan energetika isleglerini üpjün etmekde uly mümkinçiliklere eýedir.

Bu möhüm strategik desgada alnyp barylýan işleriň barşy bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, biz Owganystanyň çäginden geçýän, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk meýdançalaryna baryp gördük.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisine XXI asyryň möhüm taslamalarynyň biri hökmünde garalýar. Bu giň gerimli energetika taslamasy diňe tebigy gazy akdyrmagyň strategik ulgamy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyny, ynanyşmagy we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň nyşany bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän taslama sebitde durnukly energetika giňişligini döretmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi.

Häzirki wagta çenli gaz geçirijiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda onuň möhüm bölegini — Owganystanyň çägindäki 153 kilometrlik Serhetabat — Hyrat bölegini çekmek boýunça işler batly depginde dowam edýär. «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan bu bölek taslamany has-da ilerletmek hem-de iki döwletiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin strategik ähmiýete eýe bolup durýar.

Gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawy hem-de hünärmenleriň ýokary ussatlygy netijesinde taslama, tassyklanan iş tertibine laýyklykda, üstünlikli amala aşyrylýar. Desgalarda türkmen hünärmenleriniň ýüzlerçesi — inženerler, gazçylar we gurluşykçylar tutanýerli zähmet çekýärler, bu bolsa, gurluşygyň batly depginini we ýokary hilini üpjün edýär.

Gurluşyk meýdançalarynyň birinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Taslama işleri müdirliginiň bölüm başlygy Akmyrat Gurbangulyýewiň habarçymyza gürrüň berşi ýaly, taslamany durmuşa geçirmek üçin mäkäm maddy-tehniki binýat döredildi, munuň özi gurluşyk işlerini Owganystanyň örän çylşyrymly daglyk ýerlerinde we alys künjeklerinde hem dowam etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň 153 kilometrinde, ýagny onuň tutuş dowamynda geodeziýa işleri tamamlandy, 100 kilometrden gowrak bölegi bolsa potratçy edaralara tabşyryldy. Bu ýerde işler halkara ölçeglerini berjaý etmek bilen amala aşyrylýar. Zerur bolan taslama-çenlik resminamalary taýýarlanyldy, enjamlary we materiallary getirmek üçin halkara şertnamalary baglaşyldy. Taslama çözgütlerine laýyklykda, gurluşyk-gurnama işleriniň kybaplygyna gözegçilik etmek üçin geodeziki ölçegler geçirilýär.

Şertnamalaýyn borçnamalaryň çäklerinde Türkmenistana diametri 1 müň 400 millimetr bolan şarly bekleýji kranlar getirildi, diametri 1 müň 422 millimetr bolan turbalaryň getirilmegi dowam edýär, olaryň bir tapgyry häzir Poti portuna (Gruziýa) gelip ýetdi. Şol bir wagtda birleşdiriji, örtüji we kebşirleýji materiallar, barlaghana enjamlary we beýleki zerur serişdeler getirilýär. Önümçilik işleri üznüksiz ýagdaýda alnyp barylýar.

Owganystana iş saparymyzyň dowamynda ýol ugrunda, gurluşyk meýdançalarynyň aralygynda biz ýerli ilatyň türkmen gurluşykçylaryna hoşallyk bildirip, olary has-da hyjuwly zähmet çekmäge ruhlandyrýandygynyň şaýady bolduk.

Bu mähirli gatnaşyklar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamanyň türkmen we owgan halklarynyň dostlugyny berkitmek üçin köpri bolup hyzmat edýändigini tassyklaýar.

TOPH taslamasy oňa gatnaşýan ýurtlar üçin giň ykdysady mümkinçilikleri açýar. Garaşylyşy ýaly, gazy üstaşyr geçirmegiň hasabyna Owganystan her ýyl ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan gowrak girdeji alar, munuň özi infrastrukturany ösdürmegiň, iş orunlaryny döretmegiň we goňşy ýurduň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şertine öwrüler.

Gurluşyk meýdançalarynyň ýene birinde biz «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň birinji derejeli inženeri Rejep Şükürow bilen duşuşdyk. Ol gurluşykçylar üçin zerur bolan şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýändigi barada gürrüň berdi. Iş depginlerini artdyrmak maksady bilen gaz geçirijiniň 12-nji kilometrinde wagtlaýyn ýaşaýyş şäherjigi guruldy. 86-njy kilometrde bolsa, ikinji toplumyň gurluşygy dowam edýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini göçürmek işleri amala aşyrylýar.

Işleriň ýokary hilli bolmagy üçin diametri 1 müň 422 millimetr bolan turbalary kebşirlemäge ygtyýar berlen kebşirleýjiler hünär synagyndan geçirildi. «Türkmengaz» DK-nyň 217 hünärmeniniň hünär derejeleri tassyklanyldy, kebşirleýji-gurnaýjy toparlaryň 14-si döredildi.

Häzir turbalaryň ilkinji kilometrleri çekildi we kebşirlenildi, gurnama işleriniň nobatdaky tapgyry üçin ugurlar taýýarlanyldy. Garym gazmak, uly diametrli turbalary kebşirlemek we çekmek, kompressor beketlerini gurmak we gözegçilik ulgamlaryny gurnamak geçirilýän işleriň esasyny düzýär.

Nobatdaky gurluşyk meýdançasynda biz «Türkmengazgurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş hünärmeni Abdy Akmyradow bilen duşuşdyk. Ol bizi alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Gaz geçirijiniň owgan böleginde gözegçilik ýollarynyň gurluşygyna, daglyk ýerlerde turbalary garyma salmak üçin ýer-gazuw işleriniň geçirilmegine uly üns berilýär. Owgan böleginde kebşirleme-gurnama işleri

15,5 kilometr uzynlykda ýerine ýetirildi, garym gurnama boýunça işler bolsa, 13,4 kilometr uzynlykda amala aşyryldy. Çylşyrymly daglyk-gaýaly ýerlerde turbalary garyma salmak we tekizlemek işleri 13,1 kilometr uzynlykda ýerine ýetirildi. Gaz geçirijiniň geçýän ugruny tekizlemek boýunça işler 93,1 kilometr aralykda ýerine ýetirildi we 92 — 95-nji kilometr bölekde dowam edýär.

Bu işleri ýerine ýetirmek üçin gurluşyk meýdançalarynda döwrebap gurluşyk tehnikalarynyň 253-si, şol sanda «Zoomlion» buldozerleri we «Komatsu» ekskawatorlary ulanylýar.

«Döwlet tarapyndan berilýän goldaw, gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşyjylaryň işiniň takyk meýilleşdirilmegi we sazlaşykly alnyp barylmagy taslamanyň üstünlikli amala aşyryljakdygyna hem-de sebitiň ähli ýurtlary üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna bolan ynamy has-da artdyrýar» diýip, Abdy Akmyradow belledi.

TOPH gaz geçirijisi — halklaryň arasyndaky ynamy berkidip, ykdysady taýdan goşulyşmaga hem-de sebitde parahatçylyk we rowaçlyk üçin durnukly binýady döretmäge ýardam edýän strategik taslama bolup durýar.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.