Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler
“Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek hakynda” meýilnama laýyklykda, 24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly sergini hem-de onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigini geçirmek maksat edinilýär.
“Ak şäherim Aşgabat” atly her ýyl geçirilýän köpugurly sergi giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklerini, paýtagtymyzy ýaşamak üçin dünýäniň iň owadan we oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça alnyp barylýan uly möçberli işleri aýdyň görkezer.
Öňde boljak şanly senä gabatlanan ähli çäreleri iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme şertler üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzy ösdürmek ugrunda işlenilip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ozal hereket edýän inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, ýurdumyzyň baş şäherini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ylalaşykly işler alnyp barylýar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.