Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriň mukdary ep-esli artdyrylar
Oba hojalyk toplumyny ösdürmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meselelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatynda garady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çykyşynda ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylda ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň meýdanyny, şu ýyl bilen deňeşdirilende, ep-esli giňeltmek hem-de öndürilýän hasylyň mukdaryny artdyrmak meýilleşdirilýändigini belledi.
Ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, azyk bolçulygyny yzygiderli pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.
Bulardan başga-da, milli Liderimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda miweli baglary we üzüm nahallaryny ekmek hem-de olaryň ekilýän meýdanlaryny artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Pudagyň sanly ulgama geçirilmegi, ekerançylaryň we maldarlaryň zähmetini höweslendirýän netijeli gurallaryň ornaşdyrylmagy bu işe ýardam etmelidir. Oba hojalyk toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kuwwatlyklary artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeler kesgitlendi.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.