Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Toplumyň uly ýygnaklar zalynda guramaçylykly geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy — Döwlet ministri Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew we nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Dabarany wise-premýer açyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda halkymyza, şonuň bilen bir hatarda nebitgaz pudagynyň işgärlerine ata Watanymyzyň ýüregi, türkmenistanlylaryň buýsanjy ak şäherimiz Aşgabat barada şeýle gözel kitaby peşgeş berendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, geljekde hem döredijilik dünýäsinde üstünlik we rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi. Olardan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, uly mugallymy Sona Ylýasowa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Myrat Baýramgylyjow, «Türkmennebit» DK-nyň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiýa gaznasynyň esasy hünärmeni Güller Orazowa, Geologiki maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň işgärler bölüminiň esasy hünärmeni Aýtylla Dosowa dagy çykyş etdi. Çykyşlarda paýtagtymyzyň geçmişiniň we şu gününiň doly açylyp görkezilýändigi bellenildi. Aşgabat Gündogaryň ak merjenidir. Ak arzuwlaryň amala aşýan ajaýyp şäheridir. Häzirki zaman şäher gurluşygynyň nusgasyna öwrülen paýtagtymyzda gysga döwürde asyrlara barabar iri maksatnamalar durmuşa geçirildi. Aşgabat bu gün dünýäniň iň owadan, arassa, medeniýetiň, sungatyň, sportuň, ylym-bilimiň ösen şäherleriniň birine öwrüldi. Şäheriň täze desgalarynyň gurluşygy barha kämilleşdirilýär. Şunda adamlar üçin ýokary amatlyklar göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze «Aşgabat-sitiniň» döredilýändigini, günbatar böleginde bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galasynyň ýerleşýändigini belläp geçdi. Şundan görnüşi ýaly, Aşgabadyň şu günem, geçmişem, geljegem şöhratlydyr.
Täze kitap bilen tanşan her bir okyjynyň kalbynda nurly, mähriban şäherimize söýginiň öňküden hem artjakdygy şübhesizdir. Söýgüden we mähirden bina bolýan Aşgabadyň ady hem aşyklyk bilen baglanyşyklydyr.
Çykyşlarda şeýle ajaýyp toý sowgady üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler kalplaryň töründen çykdy. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby sowgat berendigi üçin milli Liderimize nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.
Ussat news
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi.