Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentine «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakyldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1256/original-160acc626eb813.jpeg

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň öz ene topragyna, halkyna, mähriban şäherine ägirt uly söýgüsi bilen gurulýan ak mermerli Aşgabat bu gün özboluşly we gaýtalanmajak binalary, gözelligi, sazlaşygy, ýaşyl begresiniň we suw çüwdürimler toplumynyň ajaýyplygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen haýran galdyrýar.

Häzirki wagtda Aşgabat halkara hyzmatdaşlyk merkezi, olimpiýa hereketleriniň, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine halkara çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ak mermerli merjen şäherimiz Aşgabat sebitde we dünýäde adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmetini we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şäherleriň hataryna goşuldy. Muny Aşgabat şäheriniň ak mermere bürenen şäher hökmünde, şeýle hem köp sanly binalarynyň, desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi subut edýär. Paýtagtymyzyň keşbinde döwletiň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten derejesini, bagtyýar durmuşyny, aýdyň geljegini görmek bolýar. Belent mertebeli Prezidentimiziň ýiti paýhasy, taýsyz zehini bilen milli binagärligiň däplerini hem-de täze döwrüň ruhuny aýdyň görkezýän öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagy bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyz günsaýyn täze görke gelýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Arkadag Prezidentimiziň Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelen milli binagärligini täze derejelere ýetirmekde, ak şäherimiz Aşgabady adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde dünýä tanatmakda, häzirki zaman şäher düzümini kemala getirmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny hem-de şahsy goşandyny we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm seneleri bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy

G.Mämmedowa.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 22-nji maýy.

Başga habarlar
16a0d01fd96e2d.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…

Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.


16a0abecc4c428.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.


16a06c2eb20931.jpeg
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

169fcdbb98954b.jpeg
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.