Habarlar

“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara köpugurly sergi türkmenistanlylaryň paýtagtymyza ýokary buýsançyň belentligini açyp görkezdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1259/original-160ad4f5973853.jpeg

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara köpugurly sergi geçirildi. Sergä kärhanalaryň we beýleki düzümleriň 90-dan gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Uly gyzyklanma döreden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary sergide hormatly orun eýeledi, bu eserleriň hatarynda milli Liderimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby bar.

Ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary — “Buig Türkmen”, “Gap Inşaat”, “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret”, “Çalyk Enerji Sanaýi we Tijaret”, “Altkom”, “Wozroždeniýe ÖB” paýdarlar jemgyýeti, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasy, “Zeppelin” Türkmenistan JV” hojalyk jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, dynç alyş ulgamy we beýleki ugurlary hem öz içine alýan innowasiýa işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary görkezdiler.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit”, döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sergi diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.

Ussat news

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.