Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline neşir edildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edilmegi we çapdan çykmagy dünýäde biziň ýurdumeza bolan gyzyklanmanyň ýokorlonýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiziň bu meşhur edebi-filosofik eserinde umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň bu edebi eserinde türkmenleriň milli däp-dessurlarynda öz aýdyň beýanyny tapan ýokary ynsanperwer ýörelgeleri beýleki halklarda hem uly seslenme döredýär. Muňa, ilkinji nobatda, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň eýýäm dünýäniň köp dillerine, şol sanda hytaý, ýapon, rus, gruzin, ukrain we azerbaýjan dillerine terjime edilendigi hem şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň many-mazmuny hem-de beýan ediliş usuly boýunça örän gymmatly eseri täsin halk döredijiligini toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli, tutanýerli ylmy-edebi işleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.