Habarlar

Aşgabatda «Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13533/original-16a9d1742084d7.jpeg

«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çykan gününden bäri 15 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyga Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Nebit-gaz» gazetiniň ilkinji sany 2011-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda çap edildi. Geçen ýyllaryň içinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň pudaklaýyn neşiri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hakyky ýazgysyna öwrüldi. Onuň sahypalarynda iri halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, iri gaz we nebit ýataklarynyň özleşdirilişi, nebit-himiýa zawodlarynyň döwrebaplaşdyrylyşy we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başlangyjy bu günki günde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan beýleki giň gerimli işleri yzygiderli beýan edilýär.

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktorynyň, tejribeli žurnalist-halypalaryň, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary saýasynda döredilen gazetiniň geçen ýoly bellenilip geçildi. Neşiriň sanly infrastrukturasyny bilen ösdürýändigi nygtaldy. Sanly çözgütlere geçilmegi we «Nebit-gaz» gazetiniň elektron görnüşiniň döredilmegi neşiri täze derejä çykardy we ýurdumyzyň içinde, şeýle hem onuň daşynda okyjylar köpçüligini ep-esli giňeltdi.

Dabaranyň çäklerinde gazetiň döredilen pursadyndan bäri redaksiýada zähmet çeken žurnalistika weteranlarynyň, ýerlerdäki kärhanalaryň gazanan üstünliklerini öz wagtynda beýan edýän welaýatlardaky öz-habarçylarynyň, şeýle hem nebitgaz toplumynyň desgasyndan taýýarlanan fotoreportažlaryň we önümçiligiň öňdebaryjylary baradaky materiallaryň awtorlarynyň goşantlary aýratyn bellenildi. Çykyş edenler neşiri ösdürmek, onuň maddy-tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmek we işgärler üçin amatly şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Özleriniň yhlasly döredijilik zähmeti bilen neşiriň taryhynda we okyjylaryň kalbynda öçmejek iz galdyran gazetiň ozalky habarçylary Swetlana Goržiy, Hojaberdi Baýramow we Mämmetgylyç Kutiýew barada iň mähirli ýatlamalar aýdyldy.

Çäräniň soňunda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň we «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň adyndan «Nebit-gaz» gazetiniň işgärlerine gymmat bahaly we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Başga habarlar
16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.


16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.

16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.


16a954aa3cc64b.jpeg
Aşgabatda «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi

29-njy awgustda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi.