Uklamaga kömek edip biljek maslahatlar

17:08 20.06.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1398/original-160cf2fbd7b1f9.jpeg

1. Amatly düşek, kanagatlanarly uky almak mümkinçiligiňizi artdyrýar, oňaýsyz düşek bolsa pes hilli uky bilen baglanyşykly.

2. Lukman islendik uky bozulmalaryny aradan aýyrmaga we gowy uky üçin zerur durmuş şertlerini ýa-da dermanlary kesgitlemäge kömek edip biler.

3. Kofe kabul etmegi günüň irki sagatlary bilen çäklendirmäge synanyşyň, sebebi kofein gijelerine uklamagy kynlaşdyrýar.

4. Günüň dowamynda 10-20 minutlap ýatmak, dynç almagyňyza kömek edip biler, ýöne sagat 15-den agşam 16-a çenli uklamazlyga synanyşyň, sebäbi gijelerine uklamagyňyzy kynlaşdyryp biler.

5. Badam, ysmanak ýaly magniý köp bolan iýmitleri we ýaşyl ýaprakly gök önümler, hozlar we B witamine baý iýmitleri uklamagy aňsatlaşdyrjak iýmitleridir. Käbir hünärmenler magniý we B6 witamin goşundylaryny hem maslahat berýärler.

6. Geçirilen gözlegde, oýlanýan adamlaryň umumy uky wagtynyň we ukynyň hiliniň gaty üstünlikli bolandygy görkezildi. Ýoga we çuňňur dem almak ýaly progressiw dynç alyş usullary hem ýokary uky ösdürmek üçin täsirli guraldyr.

7. Agyr we ýagly naharlar, ýatmazdan ozal uklamagyň kynlygy bilen baglanyşyklydyr

8. Telewizor we kompýuter ekranlaryndan çykýan emeli gök çyralar bedeniňizi uklamaga taýýarlaýan gormonlara täsir edip biler. Ýatmazdan azyndan 1 sagat öň telewizoryňyzy we kompýuteriňizi öçürip, telefona seretmegi bes etmeli.

9. Ýatmagyň wagty gelende, bal bilen bir käse süýt çaga wagtyňyz içen ene süýdüňizi ýatladyp, uklamaga kömek edip biler.

Taýýarlan: Gülnabat Saparowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Başga makalalar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.