Peýdaly maslahatlar

Daşary ýurt dilini öwrenmek üçin maslahatlar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1408/original-160d0f8fc3a87f.jpeg

1. Daşary ýurt dilini öwrenýän wagtyňyz görýän seriallaryňyza ýa-da filmleriňize subtitrler goşmak, bu dili çalt öwrenmäge kömek eder.

2. Daşary ýurt dilini öwrenmegiň iň aňsat we iň amatly usullaryndan biri bolan özüňiz bilen gürleşmek gaty öndürijilikli maşkdyr. Aýnanyň öňünde öwrenen zatlaryňyzy özüňize aýtmak, diliň näderejede gowudygyny aňsatlyk bilen düşünmäge mümkinçilik berer.

3. Öz söz depderçäňizi döretmek bilen, dil öwrenmäge iň uly goşant goşarsyňyz. Daşary ýurt dilini öwreneniňizde, hemişe täze sözlere duçar bolarsyňyz. Bu täze sözleri ýygy-ýygydan ýatda saklamak meseläni çylşyrymlaşdyrar. Öwrenen sözleriňizi, esasanam uklamazdan ozal ýazmak, bir dil öwrenmegi aňsatlaşdyrar. Gije ýatmazdan ozal okasaň, irden öwrenmek islän zadyňy ýada saljakdygyňy görersiň. Şeýlelik bilen, okuw prosesini çaltlaşdyryp bilersiňiz. Daşary ýurt dilini öwrenmegiň iň aňsat usullaryndan biri bolan öz söz depderçäňizi döretmegiň bu işde iň öndürijilikli maşklaryň biridigini ýatdan çykarmaň.

Taýýarlan: Gülnabat Saparowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.