Habarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyna gatnaşyjylara

https://www.ussatnews.com/storage/posts/144/original-15f98f5d94c377.jpeg

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatly dostlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmaga gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegini, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini bu ugurda geçirilýän möhüm işler hökmünde görkezmek bolar.

Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimiz Ýewropa, Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna «mawy ýangyjy» eksport edýän ýurtlaryň hataryna girýär.

Türkmenistan hem-de sebit üçin strategik taýdan möhüm taslama bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bu taslama gatnaşyjy döwletlerde gyzyklanmany has-da güýçlendirdi. Bu gaz geçirijiniň gurlup, ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň uly möçberini daşarky bazarlara ibermek bilen bir hatarda, sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmäge uly itergi berer, ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine möhüm şert döreder.

Ýurdumyz energetika pudagynda däp bolan strategik hyzmatdaşlygy saklamak bilen bir hatarda, Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika babatda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmak babatda köp işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň nebitgazly ýataklaryny daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek, nebite baý ojaklary açmak, olaryň çägini giňeltmek babatda döwletimiz tarapyndan uly işler durmuşa geçirilýär.

Bu gün Türkmenistan Watanymyz energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan nebit we gazhimiýa önümleriniň eksportynyň möçberlerini ýylsaýyn artdyrýar.

Häzirki döwürde nebiti gaýtadan işlemekden alynýan ýokary hilli önümler dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Biz ýakynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gaz turbina desgasynyň gurluşygyna badalga berdik. Bu bolsa, öz gezeginde, nebiti gaýtadan işleýän pudagyň geljekde has-da ilerlemegine goşant goşar.

Biz tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris. Bu babatda Balkan welaýatynda hem-de Ahal welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap gazhimiýa toplumlaryny görkezmek bolar.

Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar.

Bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň has-da artýan döwründe dünýäniň birnäçe döwletleri Türkmenistan bilen energetika babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu halkara maslahatyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly dostlar!

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işini ösdürmek babatda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.