Habarlar

Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk görülýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1560/original-160f42525bdaa7.jpeg

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýän bu desganyň gurluşygyny “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy alyp barýar. Desgada Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň öndürýän gazturbina enjamlary oturdyldy.

Häzirki wagta çenli desgada her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan gaz turbinalarynyň 3-si oturdyldy, kömekçi binalary ulanyşa taýýar edildi. Stansiýanyň çäklerindäki açyk paýlaýjy gurluş öndüriljek elektrik energiýasyny geçirmek üçin umumy energoulgama birikdirildi. Häzir esasy enjamlarda işe goýberiş sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmegi ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam berer.

Başga habarlar
16aa2408e4abd2.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.