TNGIZT-niň täze önümi
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze görnüşli Jet A-1 awiakerosini öndürilip başlandy. Ol kärhananyň öndürýän ТС-1 uçar ýangyjynyň ýewropa görnüşidir. Jet A-1 Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň, şol sanda Airbus we Boeing howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýar.
TNGIZT-niň täze ýangyjy halkara awiasiýa standartlaryna kybap gelýär hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Onuň önümçiligi 2008-nji ýylda ulanmaga berlen, kuwwaty ýylda 525 müň tonna deň bolan desgada amala aşyrylýar. Toplumyň taslamasyny düzmek we getirmek «Merichem Chemicals Refinery Services LLC» amerikan kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy, ýygnamak we gurnamak işlerini türkmen hünärmenleri ýerine ýetirdiler.
Çykarylýan nebit önümleriniň görnüşini giňeltmek we möçberini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebithimiýaçylarynyň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biridir. Düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde TNGIZT bu gün sebitde awtoulag benzinlerini, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, polipropilen, öndürýän iri kärhana bolmak bilen, onuň önümlerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär.
Çig maly düýli arassalamak arkaly altynýan täze Jet A-1 awiakerosininiň ilkinji tapgyryny Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlemek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.