Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti täze harby uçarda synag uçuşyny geçirdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1642/original-161080b76cbb8a.jpeg

1-nji awgustda Balkan welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlaryň ýanyna geldi.

Milli Liderimiz harby uçarlaryň we beýleki söweş tehnikalarynyň tehniki aýratynlyklary barada maglumat berýän çyzgylary, şekil taslamalaryny we degişli suratlary synlady. Garaşsyz Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň maddy-tehniki taýdan üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby uçarmanyň ýörite lybasyny geýip, täze harby uçary synagdan geçirmek üçin onuň şturwalynyň başyna geçdi. Döwlet Baştutanymyz harby uçary herekete girizmezden ozal, kada boýunça degişli hereketleri berjaý etdi. Biraz wagtdan harby uçaryň reaktiw hereketlendirijileriniň sesi giňişligi gurşap aldy. Şondan köp wagt geçmänkä, harby uçar asmana göterildi. Sanlyja salymda döwlet Baştutanymyzyň erk edýän harby uçary zerur belentlige çykyp, asman giňişliginde birnäçe öwrüm etdi.

Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby uçar asman giňişliginde uçuş ugruny dessin üýtgetmäge, görkezme-aňtaw uçuşlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek, Watanymyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek, aňtaw işlerini geçirmek, gury ýer goşunlarynyň hereketlerini goldamak üçin täze harby uçarda zerur mümkinçilikleriň jemlenendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň erk edýän harby uçary asmanda erkin peselmek, degişli belentlige çalt galmak ýaly tilsimleri ýerine ýetirýär. Turboreaktiw hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan bu uçar harby uçarmanlary taýýarlamak üçin hem ähmiýetlidir. Uçaryň uçuş uzaklygy 2 müň kilometre barabar bolup, onuň iň ýokary uçuş belentligi 13 müň 700 metre deňdir.

Döwlet Baştutanymyz kesgitlenen ugur boýunça ýerine ýetirilýän uçuşyň dowamynda birnäçe öwrümleri amala aşyrdy.

Häzirki zamanyň iň kämil tehnikalary, harby-söweşjeň uçarlar bilen üpjün edilen milli goşunyň düzümleri öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Harby gullukçylaryň gulluk şertleriniň gowulandyrylmagyna, öňdebaryjy tehnikalary dolandyrmakda olaryň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa harby gullukçylaryň ýokary ussatlygyny üpjün etmegiň kepili bolup durýar.

Täze harby uçarda synag uçuşyny amala aşyran milli Liderimiz söweşjeň tehnikany ussatlyk bilen gondurdy. Bularyň hemmesi Watanymyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragynyň üpjün edilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň asuda durmuşda ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow we goranmak ministri B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysyny şowly geçen synag uçuşy bilen gutladylar.

Goranmak ministri hormatly Prezidentimizden täze harby uçarda synag uçuşyny amala aşyran pursadynda geýen uçarman lybasyny paýtagtymyzdaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň muzeýinde goýmaga ygtyýar bermegini haýyş etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu teklibi oňlap, harby uçarman lybasynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze guruljak binasynyň muzeýinde goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz harby uçarman lybasynyň harby gullukçynyň hünärini saýlap alan ýaşlaryň maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmeginde, şöhratly pederlerimiziň däplerine aýawly garamakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän täze uçaryň tehniki taýdan ýokary görkezijilere eýedigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu harby uçar islendik howa şertlerinde, dürli belentlikde, islendik ýerde — daglyk, düzlük ýerlerde ýa-da deňziň üstünde erkin uçmaga ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goşunyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, täze döwrebap harby tehnikalarynyň satyn alynmagy üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini aýdyp, bar bolan tehnikalary netijeli ulanmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanyljakdygyny nygtady.

Başga habarlar
16970f2b623890.jpeg
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady

«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy №10123191 belgili bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul etmegiň deslapky tapgyrynyň başlandygyny habar berýär. Taslama enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary bermegi we zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligini göz öňünde tutýar diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.


169746e13a32cd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


1696b681e45652.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak bilen bagly teklibi goldady

16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

169620682e5208.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda nebitgaz toplumynyň işi boýunça meýilnamalary makullady

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.


1695e1019cc5fe.jpeg
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalumlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.