TÜRKMENISTAN DÜNÝÄNIŇ IŇ HOWPSUZ ÝURDY HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI
«Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Ykdysadyýet we dünýä institutynyň barlaglarynyň netijelerine laýyklykda, geçen ýyl ýurdumyz dünýäniň iň howpsuz döwletleriniň hataryna girendigini nygtamalydyrys, şol maglumatlar «Terrorçylygyň global indeksi 2019-da» çap edildi.
Ýurdumyzyň şanly senäni — hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny belleýän ýylynda bu wakanyň bolup geçmegi milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasydyr.
Bitaraplyk ýoluny seçip almak bilen, bu gün ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň ýokary depginlerini, eziz Diýarymyzda parahatçylygy, asudalygy üpjün etmäge hem-de sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk meselelerine örän jogapkärli çemeleşmeleri görkezýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl dünýä bileleşigine sebit howpsuzlygynyň, durnuklylygyň hem-de okgunly ösüşiň, ýurduň we halkyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini hem-de ornuny has doly açyp görkezer.
Ussat news
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…
Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.