Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Tiirkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amanaly Baýramgulyýewiç Annadurdyýewi,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çaryýargeldi Kakabaýewi,
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň mehanizatory Mähti Amanyllaewi,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagmyrgeldi Bagşyýewi,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Kaka etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Myradberdi Nurýagdyýewiç Rejepowy,
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletgeldi Hallarowy,
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulbaýram Hudaýberdiýewna Hallyýewany,
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Azatgylyç Garajaýewi,
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň «Ajyýap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Elýas Hydyrowy,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Annamuhammet Aýdogdyýewiç Arbatowy,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sultan Seýitämedowiç Nyýazowy,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Guýanagyz» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amangül Selimberdiýewany,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepmyrat Galpakowiç Dadebaýewi,
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň «Oguzboýy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kuwat Baýramowy,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Begmurat Rejepgulyýewi,
Lebap welaýat häkimliginiň Oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy Çary Jumaberdiýewiç Ýoldaşewi,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hemrakuly Haýtbaýewi,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Allamurat Joraýewiç Orakowy,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbibi Jumageldiýewany,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Lebap welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Dänew etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Rozymurat Begijanowy,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň G.Azalow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumamuhammet Garajaýewiç Baýramowy,
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Gülnahal Babajanowna Esenowany,
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbandurdy Amanowiç Janekowy,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çary Kakageldiýewiç Sahatowy,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Wekilbazar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Döwletmurat Berdigulyýewiç Annamuhomedowy.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
5-nji noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
OGT 2025-de “Galkynyş” känini özleşdirmegiň tapgyrlary barada maglumat berildi
Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň laboratoriýasynyň müdiri, tehnika ylymlarynyň doktory Irina Lurýewa «Galkynyş» gaz käniniň häzirki ýagdaýy we onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri boýunça çykyş etdi.
Türkmenistan 2027-nji ýylyň başynda TOPH boýunça Owganystana gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistan «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň Owganystana iberilmegini 2027-nji ýylyň başynda ýola goýmagy meýilleşdirýär.
“Türkmengaz” DK-nyň başlygy: Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin açyk, ygtybarly we taýýar ýurt
Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatyň dowamynda çykyş etdi.