Habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezi dörediler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1891/original-16145e23ed2b7f.jpeg

16-njy sentýabrda “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna paýtagtymyzyň merkezi künjegindäki binalary döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalary hödürledi.

Aşgabatda täze Döwlet münberiniň toplumynyň gurulmagy bilen, ozalky Döwlet münberiň durkuny täzeläp, ony döwrebaplaşdyryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwürmek boýunça birnäçe teklip taýýarlanyldy.

Täze Işewürlik merkezi şäheriň bu künjegindäki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer, Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet we goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Merkeziň ähli desgalary häzirki zamanyň enjamlary, innowasiýalar, şol sanda internet tehnologiýalary, sanly ulgam bilen üpjün ediler. Bu ýerde mejlisler zaly, iş otaglary ýerleşdiriler, dürli derejeli duşuşyklary hem-de işewür gepleşikleri guramak we geçirmek üçin ähli zerur şertler dörediler.

Başga habarlar
168877b8299c55.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


168736712bea0c.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


1686ccb8f507b3.jpeg
Ýangyjyň tygşytly sarp edilişi

Awtoulagda ýangyjy tygşytly sarp etmek işinde sürüjä esasy orun degişlidir. Şol bir awtoulagda we belli bir ugurda dürli topara degişli sürüjileriň ýangyjy biri-birinden 20 — 25 göterim tapawutly sarp edýändigi synaglar üsti bilen tassyk edilendir.

168677382292fa.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

23–28-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Döwlet energetika institutynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşlyk saparyny amala aşyrdy.


168417a294664b.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.