Peýdaly maslahatlar

Güýz ir-iýmişleri saglyga dermandyr

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1960/original-1615362194a348.jpeg

Adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmek üçin lukmanlar güýzki gök we bakja ekinleriniň önümlerini iýmit düzümine goşmagy maslahat berýärler. Olaryň bellemegine görä, güýzki gök önümler, miweler, bakja ekinleri tomus paslyndakydan witaminlere, minerallara we beýleki biologik işjeň maddalara örän baýdyr. Olaryň käbir görnüşi adamyň bedenini sowuk howa şertlerine taýýarlaýar hem-de ýiti sowuklama kesellerinden goraýar.

«Aif.ru» agentliginiň lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Natalýa Denisowanyň çykyşyna esaslanyp habar bermegine görä, altyn güýzde ýetişýän dürli görnüşli ir-iýmişleriň arasynda ynsan bedenine peýdasy boýunça kädi birinji orunda durýar. Kädi beta-karotine baý. Bu bolsa A witamininiň çeşmesidir we güýçli antioksidant bolup durýar hem-de garramagyň, öýjükleriň zeperlenmesiniň öňüni alýar. Şeýle-de beta-karotin immun ulgamynyň işini sazlaýar we ýaramsyz elementleri, zäherli maddalary, hususan-da, sowuklama kesellerini döredýän mikroblary we beýleki zyýanly ownuk organizmleri bedenden daşary çykarýar. Bakja ekini kädiniň düzümindäki A witamini adamyň gözüniň ýiti bolmagyna, keýpiniň kadaly ýagdaýa gelmegine hem haýyrlydyr. Ondan başga-da, kädi С witaminine we B witaminler toparyna, kaliý, magniý minerallaryna baýdyr. Düzüminde kletçatkanyň ýokary derejede bolmagy iýmit siňdiriş ulgamynyň işine oňaýly täsirini ýetirýär. Kädi çigidiniň maňzy bolsa düzüminde omega-6 ýagly turşulygyny saklaýandygy üçin ýürek-gan damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr.

Jennet NAZAROWA,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.