Gaz geçirijileriň ulanyş möhleti artýar

21:55 16.10.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2072/original-1616b041da947a.jpeg

Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyna özleriniň zähmet goşantlaryny goşdular.

Halkymyzyň toýa sowgatly barmak baradaky asylly däbini özlerine ýörelge edinýän bu kärhananyň zähmet adamlary sarp edijilere gaz akdyrmak boýunça şu ýylyň dokuz aýy üçin bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler.

Ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilatyny, şol welaýatlaryň çäklerinde ýerleşýän edara-kärhanalary ýylyň bütin dowamynda «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edýän müdirligiň hünärmenleridir işçileri umumy uzynlygy iki müň sekiz ýüz sekiz kilometr bolan ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler.

Sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde kärhananyň Gaz geçirijileri ýerasty poslamakdan goramak we energiýa üpjünçilik birinji gullugynyň hünärmenleriniň, işçileriniň mynasyp paýy bar. Tejribeli hünärmen Ruslan Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky bu gullugyň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde umumy uzynlygy bir müň ýigrimi sekiz kilometr ýedi ýüz ýigrimi bäş metr bolan ýokary basyşly gaz geçirijilere gözegçilik edýärler. Olaryň ugrunda katod gorag beketleriniň bir ýüz on birisi bar.

Welaýatyň çägindäki ýokary basyşly gaz geçirijilere katod gorag beketleri arkaly tehnologik talaplara laýyk hemişelik elektrik toguny goýberip, gaz geçirijileri poslamakdan goramak, şeýlelikde, olaryň ulanyş möhletini uzaltmak gullugyň işgärleriniň baş wezipesidir. Olar gaz geçirijileriň ugrundaky gaz paýlaýjy beketleriň, gaz sazlaýjy düwünleriň elektrik togy bilen üpjünçiligine-de gözegçilik işlerini birsyhly alyp barýarlar. Hünärmenlerdir işçiler gaz geçirijilere hemişelik elektrik togunyň talabalaýyk berilmegi üçin katod gorag beketleriniň takyk, saz işlemegini birjikde ünsden düşürmeýärler.

Ýokary basyşly gaz geçirijileriň ugrunda her bir kilometrden barlag-ölçeg nokatlary hem goýlupdyr. Olarda gullugyň hünärmenleri hem-de elektrik montýorlary tarapyndan ölçeg işleri yzygiderli geçirilýär.

Gullugyň işgärleri tarapyndan bellenilen meýilnama laýyklykda, talabalaýyk geçirilýän şu we beýleki tehnologik iş çäreleri ýokary basyşly gaz geçirijilerini poslamakdan gorap, olaryň ulanyş möhletini uzaltmaga, geçirijiler boýunça tebigy gazyň howpsuz hem kadaly akmagyna ýardam berýär.

Önümçilik gullugynyň gazçylarynyň işleri hemişe tehnologik talaplara laýyk, sazlaşykly alyp barmaklaryna halypa hünärmenleriň, köpýyllyk iş tejribesi bolan işçileriň saldamly goşant goşýandyklaryny aýtmak diýseň ýakymly. Olardan esasy elektrik inžener Artyk Kakajanow, uly ussa Kakabaý Könäýew, indi otuz ýyldan bäri biregne bir kärde işläp gelýän elektrik montýorlar Sergeý Meleşkewiç, Ýunus Sylabow, Nurýagdy Annadurdyýew dagy diňe bir şu önümçilik gullugynda däl, eýsem, tutuş müdirligiň gazçylarynyň arasynda-da iň hormatlanylýan halypalardyr.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.