Peýdaly maslahatlar

Nar örän peýdaly miwe

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2077/original-1616c5392a3eaa.jpeg

Nar - işdäňi gowulandyrmak we ýaşlygyňy saklamak üçin örän peýdaly miwe.

Gadymy müsürlileriň nar agajyny "ýaşaýyş agajy" diýip atlandyrmagy ýöne ýere däldir.Nar işdäni açýar, iýmitiň has gowy siňmegine kömek edýär, ýürek-damar ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar, gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar we antioksidantdyr (öýjükleriň ýaş bolmagyna kömek edýär).

Bu miwe ajaýyp bejeriş aýratynlyklaryna eýedir, onda C, B6, B12, P witaminleri, süýüm, minerallar we mikroelementler bar. Ol suwsuzlygy gandyrmaga, işdäňi güýçlendirmäge, gyzyl gan öýjükleriniň döremegine we gemoglobiniň öndürilmegine kömek edýär we ajaýyp biogen gyjyndyryjydyr. Nar iýýän çagalar, köplenç, çalasyn, akylly we güýçli bolýarlar.

Nar immunitetini, gan damarlarynyň diwarlaryny, nerw ulgamyny güýçlendirýär we gan emele gelşini gowulandyrýar. Şeýle hem garrylara we operasiýa edilen adamlara ony iýmek maslahat berilýär.

Iba-Bekir WELIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a6b1a1f1ce92.jpeg
Emosiýanyň adam saglygyna täsiri

Emosiýa — bu adamyň içki duýgularynyň, pikirleriniň we daşky ýagdaýlara bolan reaksiýasynyň ýüze çykmasydyr. Adam gündelik durmuşynda dürli görnüşli emosiýalary başdan geçirýär: şatlyk, gynanç, gahar, gorky, alada, buýsanç, söýgi we beýlekiler.


16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.