Kelem

Kelemler maşgalasynyň 3000-e golaý görnüşi bolup, Türkmenistanda 180-e golaý görnüşi ösýär. Onuň ýapragyndan kelem şerbeti, dürli işdäaçarlar taýýarlanylýar. Ýapragynda adam üçin zerur bolan dürli witaminler, mineral duzlar we şeker saklanýar.
Ýokumly maddalary saklaýjylygy, berhiz häsiýetleri we tagamynyň hili boýunça gül kelemi galan görnüşlerinden tapawutlanýar. Ak kelleli kelem bilen deňeşdirilende, 1,5 — 2 esse köp belok we 2 — 3 esse köp askorbin kislotasy bar. Kelemiň iýmitlik gymmaty ýokary derejededir. Onuň düzüminde çylşyrymly biohimiki maddalaryň bolmagy çendenaşa gymmatly kesel bejeriş serişdesi bolmagyna sebäp bolýar.
Kelemiň, esasan hem, natriý, kalsiý, magniý, fosfor we demir ýaly mineral maddalara baýdygy geçirilen ylmy barlaglar tarapyndan anyklanyldy.
Taýýarlan Nurmuhammet Batyrow,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.