Yslam korporasiýasy ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary bermek baradaky teklibini hödürledi
Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy (IСD) COVID-19 pandemiý döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bermek baradaky teklibini hödürledi.
Bu maliýe serişdelerini Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen hususy ulgamyň taslamalaryny maliýeleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň düli pudaklarynda telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilýär.
Bu çäreler, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişine hem-de eksport ugurly harytlaryň artdyrylmagyna ýardam eder.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklary ep-esli giňeldi. Ýurdumyz “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirip, iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri amala aşyrýan giň möçberli taslamalary hususy telekeçiliginiň daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmäge saldamly goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.