Peýdaly maslahatlar

Üzüm dänesiniň peýdasy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2133/original-16178c285f22bb.jpeg

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir.

Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de gan basyşyň peselmegine ýardam berýär.

Gan basyşy ýokary bolan 800 adamyň gatnaşmagynda, 16 sany ylmy-barlaglar geçirildi. Barlaga gatnaşyjylara her gün 100-den 2000 milligrama çenli üzüm dänesinden taýýarlanan ekstrakt berildi. Şonuň netijesinde, adamlaryň gan basyşy belli bir derejede peselipdir. Üzüm dänelerinden taýýarlanan ekstrakt süňkleriň çeýe bolmagy üçin hem örän peýdalydyr. Mundan başga-da, üzümiň dänesi kadaly iýlen halatynda böwregiň işini sazlaýar we ondaky çişmeleriň hem azalmagyna mümkinçilik döredýär. Bu ýagdaý adamyň bagry üçin hem degişlidir. Üzüm dänesiniň ektrakty bagry dürli zyýanly zatlardan goraýar.

Raksana METREÝIMOWA,

S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.