Türkmenistanyň wekiliýeti Kabulda Owganystanyň Hökümet ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hökümet ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Owganystanda iş sapary bilen bolýar.
R.Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda R.Meredow Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, bar bolan gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly kadalaşdyrylmagyna Türkmenistanyň aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Şeýle hem Ministr Owganystanyň täze döwlet edaralary bilen konstruktiw dialoga we ysnyşykly işleşmäge türkmen tarapynyň taýýardygyny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Konstruktiw gepleşikleriň barşynda ministrler gün tertibiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerine seredip geçdiler.
Köpmaksatlaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen iki ýurduň resmi we işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Owganystanyň gatnaşmagynda iri energetika, kommunikasiýa we ulag taslamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň geljekde artdyrylmagynyň wajyplygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ýokarywoltly elektrik geçiriji liniýasy ýaly taslamalary durmuşa geçirmek babatdaky wajyp meseleler barada pikir alşyldy.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň goňşy ýurt hökmünde Owganystanyň syýasy durnuklylygyna we howpsuzlygyna, owgan halkynyň bolsa abadançylygyna we bütewiligine uly gyzyklanma bildirýandigi hakynda ýene bir gezek belläp geçdi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.