Garpyz çigidiniň peýdaly häsiýetleri

18:35 03.11.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2174/original-16182903cd7ce6.jpeg

«Haber7» portaly garpyz çigidiniň adam bedenine oňaýly täsir edýän häsiýetleri barada habar berdi diýip «lampon.ru» belleýär.

Habarda ýazylyşyna görä, garpyz çigidi adamyň bedeni üçin örän peýdalydyr, ýagny:

Magniniň çeşmesidir. Magniý bedeniň köp amallary ýerine ýetirmegi üçin wajypdyr. Çigidiň 4 gramynda bu maddanyň 24 milligramy bolýar.

Beloklara we aminokislotalara baýdyr. Biziň saçlarymyz, süňklerimiz, myşsalarymyz, dişlerimiz, dyrnaklarymyz belokdan ybaratdyr, arginin aminokislotasy bolsa gan basyşyny kadalaşdyrýar.

Adamyň immuniteti we nerw ulgamy üçin möhüm ähmiýeti bolan B witaminler toparyny özünde jemleýär.

Çigidiň bir gysymynda demriň, takmynan, 0,3 milligramy bar.

Onda peýdaly ýaglar bolup, poli we monodoýgun däl ýaglar ýürek-damar ulgamyna oňaýly täsir edýär we «ýaramaz» holesteriniň derejesini peseldýär.

Onuň düzümindäki likopin derini gowy ýagdaýda saklamaga kömek edýär.

Adam bedenine antioksidant täsiri bar. Rak keselini we wagtyndan öň garramany döredýän maddalara garşy göreşýär. Gowrulan çigitler bolsa misiň çeşmesi bolup durýar.

Taýýarlan Aşyrmuhammet ANNAYEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.


1658d4df34d0ed.jpeg
Nohudyň peýdasy

Nohut — iň gadymy ösümlikleriň biri. Onuň watany günorta-günbatar Aziýa we ýakyn Gündogar hasaplanýar. Ösümlik bu ýerlerde miladydan öňki 7-nji müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Dünýäde nohudyň 70-e golaý görnüşi belli bolup, olardan diňe iki görnüşi giňden ulanylýar. Ol gök çig görnüşinde we gabykly bişen görnüşinde ulanylýar. Ösümlik beloklaryň ajaýyp çeşmesidir. Onuň 100 gramynda takmynan 25 gram belok bar. Şonuň üçin nohut sagdyn iýmitlenişiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.

1658bce4e243ca.jpeg
Greýpfrut — peýdaly miwe

Greýpfrut tropiki miwelere degişli bolup, onuň watany Barbados adasy hasaplanýar. Ol elmydama ýaşyl öwüsýän agaçda ýetişip, sowuk howany halamaýar. Miwe ýolunmanka daşky görnüşi boýunça üzüme çalym edýär.


16586e84d1b85d.jpeg
Täze jaýyň gurluşygy — peýdaly maslahatlar

Täze jaýyň gurluşygy her bir adamyň durmuşynda jogapkärli we wajyp aladalaryň biri bolup durýar. Jaý gurluşygy köp wagt, zähmet we serişde talap edýär. Bu işde ýyllaryň dowamynda toplanan peýdaly maslahatlar oňat netijeleri berip bilýär.