Peýdaly maslahatlar

Gyşda iýmitlenmek üçin peýdaly önümler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2398/original-161a7aef106b7d.jpeg

Howanyň sowuk wagtynda özüňi keselden goramak we ýokary işjeňligi saklamak üçin şu önümleri ýygy-ýygydan iýmek maslahat berilýär.

1. Balyk we süýt

Günden alynýan D witamininiň ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin balygyň ýagly görnüşleri (gyzylbalyk, tunes, sardina) we süýt önümleri bilen iýmitlenmelidir. Balyk şeýle hem peýdaly omega-3 kislotasyny saklaýar. Süýt we süýt önümleri bolsa aşgazanyň işleýşini gowulandyrýar we özünde köp mukdarda kalsiý saklaýandygy sebäpli adamyň süňk ulgamyny berkidýär.

2. Käşir we ýumurtga

Bu önümlerde beta-karotin bolup, ol gözüň ýagtylygy kabul edýän böleginde bolup geçýän alyş-çalyş prosesine işjeň gatnaşýar. Bu maddanyň ýeterlik derejede kabul edilmegi reňk we gije körlüge haýyrlydyr. Mundan başga-da, beta-karotin organizmiň ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirýär.

3. Injir we hoz

Käbir önümleriň adamyň keýpini gowulandyrýandygy mälimdir. Bularyň arasynda banan, şokolad, injir we hoz öňdebaryjylygy eýeleýär. Bu önümler lezzet gormony serotoniniň döremegine öz täsirini ýetirýär.

Taýýarlan Akjemal AGAJUMAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.