Peýdaly maslahatlar

Ýeralma

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2399/original-161a7b51048a76.jpeg

Ülkämiziň tebigy şertlerinde ýeralmadan bir ýylyň dowamynda

2 hasyl alyp boljakdygyny kärendeçi daýhanlar nygtaýarlar.

Ýeralma azyk önümi hökmünde hümmetliligi boýunça kelemden 3 esse, käşirden 2 esse tapawutlanýar. Ony iýmek üçin ýylyň dowamynda öňki hasyldan täze hasyla çenli saklap bolýar.

Ýeralmanyň örän möhüm senagat ähmiýeti bardyr. Ol krahmal, spirt, glýukoza, dekstrin, kauçuk öndürmekde esasy çig mallaryň biridir. Onuň krahmaly azyk, dokma, kagyz, otluçöp öndürýän we beýleki senagat pudaklarynda giňden ulanylýar. Ýeralmanyň klubenlerinde 75% suw, 25% gury madda bardyr. Klubende B1, B6, PP, C, K witaminleri we karbonoidler bolýar. Ýeralma azyklyk ekin bolup, ähmiýeti boýunça çörege örän golaýdyr. Şonuň üçin oňa «ikinji çörek» diýilýär.

Taýýarlan Amanmyrat ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.