Peýdaly maslahatlar

Mesge ýagyny iýmit düzümine salmak üçin 3 sebäp

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2418/original-161abb233a83d1.jpeg

Saglyk üçin peýdaly önümler barada aýdylanda, olaryň arasynda mesgäniň ähmiýeti has uludyr. Berhiz lukmanlarynyň maslahat bermegine görä, mesge ýagy biziň iýmit düzümimizde hemişe bolmalydyr.

1. Süýt ýagy biziň organizmimizi ýag erediji A, E, D witaminler bilen üpjün edýär. Bu witaminler bolsa adamyň owadanlygyny, ýaşlygyny goraýar we kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär.

2. Mesge ýagy energiýanyň çeşmesidir. Ol beýnä kuwwat beriji güýç çeşmesi hasaplanylýar, şol sebäpli-de gartaşan adamlara has-da peýdalydyr. Gündelik sarp edilýän energiýanyň mydama üsti doldurylyp durulmaly. Onuň üçin mesge ýagy tapylgysyz iýmit serişdesi bolup durýar.

3. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahat bermegine görä, günde 25 g doýgun ýag (süýt ýagy) adamyň iýmit düzüminde hökman bolmalydyr.

Taýýarlan: Agabek ALIJANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.