Pul dolanyşygynyň ýurduň ykdysady ösüşine täsiri
Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgerişler bank hyzmatlarynyň bazarynyň ýokary depginde ösmegini talap edýär. Bu bolsa öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenip, Türkmenistanyň banklarynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna, dünýä kompýuter torunyň ornaşdyrylmagyna bolan zerurlygy ýüze çykarýar hem-de şol esasda täze görnüşli bank hyzmatlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň bank ulgamynyň öňünde durýan esasy meseleleriň biri hem milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmak we pul dolanyşygyny çaltlandyrmak bolup durýar. Ýurdumyzyň çäginde bank kartlary bilen geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň tassyklan «Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda» Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.
Bank töleg kartlary raýatlaryň ýanyndaky nagt serişdeleri dolanyşyga çekmäge mümkinçilik döredýär we bankyň çekilen serişdeleriniň artmagyna getirýär.
Bank töleg kartlary müşderilerde hem uly gyzyklanma döredýär, sebäbi kartlar, birinjiden, köp nagt pul serişdelerini göterip gezmek bilen baglanyşykly töwekgelçiligi aradan aýyrýar, ikinjiden, ýitirilen ýagdaýynda banky habarly edip, pul serişdeleriniň hereketini saklamak mümkinçiligini döredýär, üçünjiden, tölegleri geçirmegiň hilini (tizligini) ýokarlandyrýar.
Häzirki döwürde çykarylýan bank töleg kartlary döwrüň ösmegi bilen has-da kämilleşýär. Onuň ýerine ýetirýän wezipeleri, tehniki häsiýetleri we aýratynlyklary tapawutlydyr, olaryň artykmaçlyklarynyň biri hem töleg kartoçkalarynyň daşky täsirlerden ýokary derejede goralanlygydyr. Bank töleg kartlarynyň kömegi bilen dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylyp, karz we goýum amallary geçirilip bilner.
Nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp, töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, söwda we hyzmatlar babatda olaryň hasabynyň ýöredilişini we dolanyşygyna gözegçiligi kämilleşdirmek işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, milli puluň hümmetini berkitmäge, ykdysady ösüşi we pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmäge, makroykdysady görkezijileri has-da gowulandyrmaga we halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaga we peýdalanylmaýan mümkinçilikleri ýüze çykarmaga oňyn täsir eder.
Kerimberdi ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.