Dünýä ýurtlarynyň Täze ýyly

Gwineýada Täze ýylyň ilkinji güni köçelerde pilleri münüp geçmek däbe öwrülipdir. Adamlar şonda gadymy aýdymlary aýdyp, tans edýärler.
Wengriýada Täze ýyl gijesinde degişme aýdymlary aýdylýar.
Bolgariýada Täze ýyl gijesi sagat 00:00-da hemme otaglardaky çyralar ýakylýar. Şol gije harçlanan elektrik energiýasy üçin pul tutulmaýar.
Fransuzlaryň Täze ýyl güni biri-birine «Janym» diýip ýüzlenmek edähedi bar. Şol gün parižliler La-Manş aýlagyna maşynly gezelenç edýärler.
Italiýada Täze ýyl arçalarynyň köki bilen satylýanlygyny bilýärsiňizmi?! Arçalary küýzejiklerde usul bilen oturdýarlar we gowy idedilen wagty olar oňat ösýärler.
Aýgül GYLYJOWA,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar
Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar
Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:

TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.