Mung noýbasy - mäşiň adam saglygyna peýdasy

Mäş (Mung noýbasy) Hindistandan gelip çykan kiçijik, ýaşyl, ýumurtga görnüşli kösükli ekindir. Mäşde witaminleriň we minerallaryň düzümi gaty deňagramly bolup, olary ýokumly we sagdyn önüme öwürýär. Onda 18 sany aminokislota bar. Şeýle-de, bu ösümlik özünde: C, B1, B2, PP, B5, B6, B9, A, E, K, beta-karotin, holin ýaly witaminleri; kaliý, fosfor, magniý, kalsiý, natriý, demir, sink, marganes, mis, selen ýaly makro we mikroelementleri saklaýar.
Mäşi yzygiderli iýmek ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýär, gan basyşyny kadalaşdyrýar, holesterini we gandaky süýjiniň derejesini peseldýär, damarlaryň we arteriýalaryň diwarlarynyň çeýeligini güýçlendirýär we ýokarlandyrýar we düwnük öýjükleriniň döremeginiň öňüni alýar. Mäş ösümlikleri immunitet ulgamyny, akyl işjeňligini güýçlendirýär, ýatkeşligi gowulandyrýar we görüşi dikeltmäge kömek edýär. Olar süňk dokumalarynyň, böwrekleriň işlemegini goldaýarlar we menopauza wagtynda aýal gormonal derejesini kadalaşdyrýar.
Mäşiň ulanylmagy ýokanç we çişme keselleriniň (bronhit, traheit, rinit, sinuzit, laringit we ş.m.) öňüni almaga we bejermäge kömek edýär. Mäşiň diuretik täsiri bar, şonuň üçin ol köplenç bedeni detoksifikasiýa etmek üçin ulanylýar. Önüm çişmegi ajaýyp derejede ýeňilleşdirýär we horlanmaga kömek edýär. Mäşden bişen nahar bolan mäşewe örän ýokumly we beden tarapyndan gowy siňdirilýär, çagalar, garrylar we hassalar üçin sagaldyş berhize goşulmagy maslahat berilýär.
Mäş etiň ornuny tutýar. Düwürtikden, artritden, allergiýadan ejir çekýänlere mäş iýmek maslahat berilýär. Mäşiň antioksidant täsiri bar. Ony yzygiderli ulanmak bilen deri ýaş, sagdyn we tekiz bolýar. Beýleki kösüklilerden tapawutlylykda, mäşde meteorizme sebäp bolýan oligosaharid az saklanýar. Mäşiň nahallarynda witaminleriň we mikroelementleriň konsentrasiýasy ýokarlanýar. Gögerip barýarka, ýokumly maddalaryň dargamak prosesi ýüze çykýar, netijede bedene aňsatlyk bilen siňýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.