Habarlar

2021-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça bäsleşige 700-e golaý taslama gelip gowuşdy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/267/original-15fbb6cc461f01.jpeg

2021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşige dürli ulgamlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesinden jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy, emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowulary seçilip alyndy.

«2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen taýýarlanan nyşanlaryň teklip edilýän taslama görnüşlerinde ulanylan ýazgylarda hem-de şekillerde Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de giň halkara gatnaşyklary, şol sanda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň öz beýanyny tapmagy üçin hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewleri nazarda tutuldy.

Ussat news

Başga habarlar
16a0d01fd96e2d.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…

Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.


16a0abecc4c428.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.


16a06c2eb20931.jpeg
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

169fcdbb98954b.jpeg
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.