Habarlar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahata gatnaşyjylara

https://www.ussatnews.com/storage/posts/275/original-15fbce48eca687.jpeg

Gadyrly myhmanlar!

Hormatly aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri!

Sizi öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Indi däbe öwrülen bu pudaklaýyn halkara maslahat ýurdumyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabatda onlaýn görnüşde internet ulgamynyň üsti bilen geçiriler. Aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda, dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk esasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde size uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Häzirki döwürde biz döwletimizde dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalaryna daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki hem-de hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bäsleşige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu ugurda ylmyň gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.

Hormatly halkara onlaýn maslahata gatnaşyjylar!

Hormatly adamlar!

Halklaryň medeni-ykdysady taýdan ýakynlaşmagy, döwletleriň durnukly ösmegi bilen bagly möhüm wezipeleri çözmekde, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahatyň ähmiýeti uludyr.

Türkmenistan halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, «Gündogar — Günbatar», «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär.

Garaşsyz Watanymyz işjeň hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we ösdürilmegine ygrarly bolmak bilen, ähli ulgamlarda ýokary ösüş depginlerini gazanýan döwletleriň hataryna goşulýar hem-de dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär.

«Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki wagtda täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Men halkara onlaýn maslahatyň dowamynda däp bolan hoşniýetli, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna uly itergi berjek wajyp meseleleriň netijeli ugurlaryny we çözgütlerini tapjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Bu halkara onlaýn maslahata telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän daşary ýurt guramalary, kompaniýalary we işewürler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşýarlar. Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary, täze tehnologiýalary, ylmy açyşlary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly aragatnaşykçylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.