Ýatkeşligi ösdürmegiň usullary

16:55 24.11.2020

https://www.ussatnews.com/storage/posts/277/original-15fbcf4af9d874.jpeg

Islendik adam ömrüniň dowamynda özüni hemmetaraplaýyn kämilleşdirmäge çalyşýar. Biz hem çaganyň irki ösüşlerinde, şeýle hem islendik adama zerur bolan ýatkeşligi berkitmekde ähmiýetli bolan maslahatlary size ýetirmegi makul bildik.

1. Çaga otaga birlaý göz aýlandan soň, oňa gözlerini ýummagy teklip etmeli. Soňra çaga otagyň içindäki zatlary ýatdan aýtdyrmaly. Haçanda ol gözlerini açanda, ady agzalan zatlary dogry aýdandygyna ýa-da aýtmandygyna göz ýetirer.

2. Stoluň üstünde kükürt çöplerinden haýsy-da bolsa bir şekili ýasamaly. Çaga şol wagt şekile ünsli seretmeli we ýadynda saklamaly. Soňra ol gözüni ýummaly, siz bolsa şol wagt şekili üýtgetmeli. Şonda çaga şekiliň ilki başdaky we soňky görnüşiniň tapawudyny bilmeli.

3. Çaga kitapdan tekstiň bir bölegini okap beriň. Birinji gezek teksti doly okaň. Ikinji gezek bolsa her sözlemden 1-2 söz goýberip okaň. Soňra çaga siziň goýberen sözleriňizi ýadyna salyp, okap beren tekstiňizi birinji gezekki ýaly aýdyp bermeli.

4. Çaga aşakdaky ýazylan sözlere ünsli seretmeli, ýatda saklajak bolmaly. Soňra başga kagyzyň ýüzüne şol sözleri ýatdan ýazmaly.

Töňňe. Stol. Tomus. Tokaý. Öý. Meýdan. Gyş. Eje. Kitap.

5. Kagyzyň ýüzüne bir surat çekiň. Çaga şol suraty görkeziň. Soňra ol başga bir kagyza şol suraty ýatdan çekmeli. Çaganyň çeken suraty bilen öz çeken suratyňyzyň tapawudyny bilersiňiz.

6. Çagaňyzyň dil baýlygyny ösdürmek üçin şu usuly ulanyp bilersiňiz. Munuň üçin 10 sany sözi saýlap almaly. Çaga her bir söze manydaş-sinonim sözi aýtmagy başarmaly. Bu bolsa onuň diňe bir söz gorunyň giňemegine däl-de, eýsem, pikirleniş ukybynyň ösmegine hem ýardam edýär.

Şunuň ýaly usullary diňe bir söz ýa-da predmetler arkaly däl-de, eýsem, arifmetik usulda hem peýdalanyp bolar.

Selbi HOJAÝEWA,

USSAT NEWS.

Başga makalalar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.