Peýdaly maslahatlar

Şugundyr

https://www.ussatnews.com/storage/posts/280/original-15fbe8f7bcff6d.jpeg

Şugundyr witamine we mineral maddalara örän baý. Ony iýmitiň dürli görnüşinde ulanyp bolýar. Onuň düzümindäki pektin maddasy aşgazan-içege ýollarynda emele gelýän zyýanly maddalary zyýansyzlandyrýar. Ol düzüminde ýoduň mukdarynyň köpdügi sebäpli bakja önümleriniň arasynda birinji ýeri eýeleýär. Şugundyr düzüminde biologik işjeň betain maddasyny saklaýar, bu bolsa bedendäki madda çalşygynyň kadalaşmagyna täsir edýär. Bu madda diňe şugundyrda sintezlenýär. Betain bedendäki belok madda çalşygyna gatnaşýar, kapillýar damarjyklarynyň berkemegine, ganda holesteriniň peselmegine kömek edýär. Bu madda bagyrda ýag ýygnanmagynyň öňüni alýar.

Alymlaryň bellemegine görä, şugundyry köp iýýän adamlarda ýogyn içegäniň howply döremeleri seýrek duş gelýär. Onuň düzümindäki betain maddasynyň belli bir derejede iç ýumşadyjy häsiýeti bar. Ötüşen iç gatamada gaýnadylan şugundyry iýmek maslahat berilýär. Gaýnadylan şugundyryň peşew çykaryjy häsiýeti hem bar. Şugundyry ganazlykda ulanmak hem peýdaly. Onuň düzüminde kobalt mikroelementi bar, bu bolsa bedendäki B witamininiň dargamagyna hem-de foliý turşusy bilen bilelikde gyzyl gan öýjükleriniň emele gelmegine gatnaşýar. Şugundyryň şiresini gan basyşy ýokary bolan näsaglara içmek peýdalydyr. Şugundyr şiresini käşir ýa-da alma şiresi bilen garyp içmek maslahat berilýär. Şugundyr aterosklerozyň öňüni almak, bagyr öýjükleriniň işjeňligini ýokarlandyrmak we nerw ulgamyny rahatlandyrmak üçin peýdalydyr.

Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.