Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan bilen HHR-niň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ýangyç-energetika ulgamydyr
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ýangyç-energetika ulgamydyr. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gitmezden ozal hytaý habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda habar berdi.
Şol bir wagtda, türkmen Lideri nebitgaz ulgamynda ýurtlaryň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.
«2009-njy ýylyň ahyrynda strategik ähmiýetli Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi hem munuň subutnamasydyr» - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmen Lideriniň nygtamagyna görä, bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyk, özara bähbitlere düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, gaz geçirijiniň işe girizilmegi netijesinde açylan giň mümkinçiliklere we onuň geljegine göz ýetirmegiň aýdyň mysalydyr. Munuň özi turbageçiriji energetika taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmegiň maksatlarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagydyr.
«Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, türkmen tebigy gazynyň iberilýän möçberlerini has-da artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris» - diýip türkmen Lideri belledi.
«Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistandan Hytaýa çenli ugur boýunça 4-nji turbageçirijini gurmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys» - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmen Lderiniň bellemegine görä, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar, onuň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen mejlisinde 5 resminama, şol sanda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2021 — 2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
«Biz bu Maksatnama hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly binýady hökmünde garaýarys» - diýip döwlet Baştutany belledi.
«Umuman aýdylanda, iki döwlet hem hyzmatdaşlyk üçin syýasatda, ykdysadyýetde we söwdada, ulag ulgamynda we energetikada, maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir» - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow «CCTV», «CGTN in Russian» telekompaniýalarynyň we «Ženmin žibao» gazetiniň hem-de «Sinhua» habarlar agentliginiň sowallaryna jogap berende belledi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.