Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy.
Ajaýyp metjidi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň gurluşykçylary öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen bina etdiler.
Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde Aýyň altyn çaýylan şekili goýlupdyr. Şeýle hem binagärlik toplumy bezeg sungatynyň özboluşly usullary bilen timarlanan minaralaryň dördüsini öz içine alýar, olar yslam medeniýeti üçin häsiýetli bolan özboluşly bezeg esaslary bilen bezeldi.
Metjidiň iki gatly binasynda bir wagtda 3 müň adama namaz okamaga şert döredildi.
Binanyň içi timarlananda, mermer, granit agajyň gymmat görnüşleri ulanyldy.
Metjidiň toplumynda sadaka bermek üçin ýörite bina göz öňünde tutuldy. Bu ýerde gurlan myhmanhananyň otaglarynda ähli amatly şertler döredildi, beýleki degişli desgalar guruldy. Iş otaglary döwrebap tehnikalar we aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem awtoduralga bina edildi.
Ajaýyp metjit özüniň diňe binagärlik keşbi, içerki we daşarky bezelişi bilen däl-de, eýsem, ýanaşyk ýerleriniň bagy-bossanlyga bürelmegi bilen gözüňi dokundyrýar. Bu ýerde saýaly we pürli agaçlaryň 3 müň düýbi, gyrymsy agaçlaryň 10 müň düýbi oturdyldy. Damjalaýyn we ýagyş usulynda suwarýan ulgam göz öňünde tutuldy. Agşamlaryna bolsa metjit özüniň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen daş-töwerege nur çaýýar.
Hajy Arkadagymyz musulman dünýäsiniň mukaddes şäheri Mekgeden ýadygärlik sowgat hökmünde iberilen, mukaddes Käbäniň keramatly ýazgylary bolan örtügi gowşurdy.
Bu ýerde, ýola goýlan asylly däbe görä, hormatly Prezidentimize sowgat berlen keramatly teperrik goýuldy. Ol milli Liderimize Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde zyýarat eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde gowşuryldy. Bu mukaddeslikler ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň metjitlerinde goýlup, halkymyzyň olara tagzym etmegi üçin mümkinçilikler üpjün edilýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň özüniň doglan güni mynasybetli gowşuran mukaddes Käbäniň gapysynyň şekilinde Gurhany-Kerimiň mukaddes aýatlarynyň ýazgylary ýerleşdirilen sowgady täze metjide gowşurýandygyny aýtdy.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň müftüsi bilen söhbetdeş boldy. Bu gymmatlykda ýerleşdirilen ýazgylar musulman ymmatynyň parz işleri, Allatagalanyň sahawaty baradaky aýatlardan ybarat bolup durýar. Balkan welaýatynyň baş metjidinde goýlan mukaddeslikleriň sany döwlet Baştutanymyzyň metjide beren sowgady bilen bilelikde üç boldy.
Dabara gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň baş metjidinde goýlan mukaddes gymmatlyklara tagzym edip, hajy Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.
Milli Liderimiz täze metjide täze awtoulagy sowgat edip, sadaka bermek üçin niýetlenen bina tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz özüniň ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň galam hakynyň hasabyna ilimiziň asudalygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, döwletimiziň has-da gülläp ösmegi üçin toý sadakasyny berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza gutlag sözi bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz hemmeleri Balkan topragynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurlan täze, döwrebap metjidiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu metjidiň umumy meýdany 14 gektardan gowrakdyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Minaralarynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem, metjidiň gapdalynda 1500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykandan soň, nahar çekildi.
Toý sadakasyna gatnaşyjylar milli tagamlardan dadanlaryndan soňra, aýat-töwir okaldy.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.