Mekge — köptaraplaýyn ulanylýan ösümlik

Mekge ýa-da mekgejöwen gadymy Meksikanyň belentliklerinde bitýän ýabany teosinte ösümliginden medenileşdirilipdir.
Häzirki wagtda mekgejöwen diňe bir nahar bişirmekde, lukmançylykda we maldarçylykda däl, eýsem, bioýangyç hökmünde hem ulanylýar. Ony ulanmagyň iň aňsat usuly gaýnadylan ýa-da gowrulan görnüşini gyzgyn ýag ýa-da duz bilen iýmekdir. Mekgejöwen dünýäniň köp naharhanalarynda işdäaçar hökmünde, birinji we ikinji naharlarda we süýjüliklerde ulanylýar. Mekgejöwen däneleri guradylan we doňdurylan görnüşde gowy saklanýar. Onuň ezilen dänelerinden mekge taýajyklaryny, krahmal görnüşiniň gowrulan dänelerinden bolsa popkorn alynýar.
Mekgejöweniň ähli görnüşleriniň düzüminde A, C, E witaminleri, tiamin, niasin, fol turşusy, demir, kaliý, magniý, fosfor, sink bar. Ol bedende gormonal prosesleriň kadalaşmagyna goşant goşýar we immunitet ulgamyny güýçlendirýär. Mekgejöwen bedende metabolizmi durnuklaşdyrýar, bagry arassalaýar. Önüm ýürek myşsasyny we gan damarlaryny güýçlendirýär. Ýaş mekgejöwen, hatda böwrek daşlaryny hem eretmäge ukyplydyr. Onuň gaýnadylan suwuny ulanmak aşgazanasty mäziň keselinde kömek edýär.
Aşgazan-içege ulgamynda derdi we ganyň lagtalanmasy ýokary bolan adamlara mekge iýmek maslahat berilmeýär.
Taýýarlan Nepes KAKALYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.