MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL

18:15 10.03.2022

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3059/original-16229f9e9aeedc.jpeg

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndy- ryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.

Alty doganyň biri bolan Älem ene ýaşlygyndan tagam taýýarlamakda, keşde çekmekde, haly-palas dokamakda, keçe güllemekde, aýdylyşy ýaly, öňüne zenan geçirmeýär. Ol öz obadaşy Alaý Hallysähedow bilen durmuş gurýar. Döwrüniň kynçylykly ýyllarynyň güzabyny gözi bilen görýär, egni bilen çekýär.

100 ýaşynyň dolmagy mynasybetli welaýat hem-de etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleri tarapyndan sowgatlar gowşurylanda, enäniň buýsançdan, guwançdan başy gök diredi. Biz hem mährem enäniň ýaş toýuny gutlap, söhbetdeş bolanymyzda, ol, ine, şeýle gürrüň berdi:

— Ýaş wagtymyz bir döwüm çörek üçin gijämizi gündiz edip işlärdik. Adamym bilen gündiz mal-garanyň yzynda gezerdik, meýdan işlerine-de ýetişerdik. Gün eňegini ýere berende öýe dolanar- dyk, gijäniň ýary bolýança-da öçügsi çyranyň ýagtysyna tikin tikerdim, ellik- -jorap örerdim. Her kimiň bu günki iýjegi tapylsa ertiri gaýgydyr. Soňra uruş belasy başymyzdan indi. Sabyr edip, şu günlere ýetdik. «Şol agyr ýyllaryň kynçylygyny görseňem, tüweleme, uzak ýaşa ýetip- siň» diýýänem bar maňa. Aslynda, meniň mamamam, ejemem 100 ýaşy gören zenanlar. Doganlarymyňam dokuzynjy

onlukdan gädip ugranlary bar. Uzak ýaşamagyň syry barada soranlarynda, ilkinji nobatda, hemişe hereketde bolmaly diýip, arkaýyn aýdyp bilerin. Galyber-sede, ruhubelentlik, kadaly uky we dogry iýmitlenmek — ýaşyňy uzaldýan zatlar. Heniz aga-gara düşünip başlanymyzdan, ejem bizi bir salymam işsiz oturtmazdy. Soň-soňlar bu durmuş endigi bolup galdy. Häzirem 100 ýaşadym diýip, gol gowşuryp oturamok. Agtyk-çowluklarymy hünäre ugrukdyrýaryn. Aýratynam, ýaş gyz çowluklarymyň golaýymda ýaşaýanlaryny ünsden düşüremok. Ýaşlary, onda-da ýaş gyzlary zähmete ugrukdyrmak borjy hemişe-de enäniň egninde durýar.

Ýaşan ýyllarymyň häzirki döwre deň geljegi ýokdur. Şunuň ýaly rysgally, döwletli zamany gören däldirin. Bolelin ýaşaýarsyň, işläbermeli, döredibermeli. Her günde, her pursatda eziz Arkadagymyza ene ýüregimden alkyş aýdýaryn. Sebäbi ýurt — parahat, il — abadan. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ýaşy uzak bolup, il-günüň bagtly durmuşy üçin alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

Hawa, bagtly maşgala baş bolup oturan mährem enäniň 10 çagasy, 38 agtygy, 83 çowlugy, 10 ýuwlugy bar. Kiçiräk bir türkmen obasyny ýatladýan bu maşgalanyň uly-kiçi agzalarynyň mähriban enä- niň pent-nesihatlaryny diňläp oturyşlaryny synlanyňda, bagtyň agzybirligiň we birek-birege sylagyň bar ýerinde baky ornaşýandygy baradaky pikir seriňe dol- ýar. Biz hem Älem enäniň bagtyýar maşgalasyna älem gowulyklaryny arzuw edýäris.

Nursoltan DEPBIÝEWA,

«Balkan».

Başga makalalar
165bcdd8955012.jpeg
Durmuş hakykatyny ýazan

Ussat ýazyjy Hojanepes Meläýewiň ýiti galamyndan çykan «Tylla teňňeler», «Düýnki gelinler», «Daň ýyldyzy», «Garagumuň bürgütleri», «Durmuş dowamaty», «Aşyk oglan», «Ynsan keşbi» ýaly kitaplary öz döwründe okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Golaýda ýazyjynyň maşgalasy, halypa žurnalist Kümüş Meläýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:


165a96965a6c7e.jpeg
GONŞULAR (Hekaýa)

Bu wakalaryň bolan döwri — geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, köçelerde ýeňil ulaglar gaty seýrekdi. Obada bolsa bir ýa iki adamda ýeňil ulag bardy. Şeýle bolansoň, ýeňil ulagly adamlar beýlekilere garanda mertebeliräk görünýärdi, goňşy-golamlaryň olara hormaty hem artygrakdy. Ýöne bu hormatyň aňyrsynda gerek wagty ulagyndan peýdalanarys diýen tamakinçilik hem ýok däldi.


162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy.

16229fa7e75bf6.jpeg
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)

Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:


161fb6fb41cb51.jpeg
AMATLY WE ÝOKARY HILLI

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.