Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)

18:17 10.03.2022

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3060/original-16229fa7e75bf6.jpeg

Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:

— Awtobusa yzky gapydan münülýändir-ä — diýip gatyrgananda:

— Bagyşlaň, akylly gyz! — diýip, Nazar ötünç soran boldy.

Gyz ýigidiň özüne «Akylly gyz» diýip kakdyranyna hiçzat diýmese-de, nägilelik bilen garap gitdi.

Awtobus on bäş minut çemesi ýol geçip, Nazaryň düşýän duralgasyna golaýlanda onuň oturan oturgyjynyň aşagyndan el telefonynyň jaňy eşidildi. 0l haýran galmak bilen sermelenip, eline ilen telefony götereninde, imodan gelen jaňda häli gapyda çaknyşan gyzyň keşbi göründi. Nazaryň keşbi gyzyň jaň eden telefonynda görnen bolsa gerek.

— Wiý, telefonymy siz tapdyňyzmy?

— Hawa, awtobusda oturan ýeriňizde galdyrypsyňyz.

— Indi, sizden telefonymy nädip alarkam?

— Meni tapjak bolup azara galmaň, özüm elinje eltip beräýerin.

— Siz meni nädip tapmakçy?

— Bizi ilki sataşdyran duralgamyzdan taparyn. Çenim çen bolsa, siz şol duralga golaý bir ýerde işleýän bolmaly. Işden çykjak wagtyňyzy aýtsaňyz, men şol ýere guş deý uçup baraýaryn — diýdi.

Gyzyň şähdi açylyp güldi:

— Bolýar. Men şol ýerdäki çagalar bagynda işleýän. Işden soň şol duralga çykaryn — diýip jogap berdi.

Şol sözden soň Nazar işde otursa-da, hyýalyndan gyzyň keşbi gitmedi, göz öňüne geldi durdy. Belleşilen wagt golaýlaşandan ol işinden irräk çykyp, şol duralga geldi. Gyz hem köp garaşdyrmady. Jorasy bilen duralga tarap gelýän gyza gözi düşen Nazaryň ýüreginiň urgusy artdy. Ýanyndaky jorasynyň:

— Keýik, ertire çenli hoş! — diýenini eşiden Nazar gyzyň adyny bilip galdy. Uzyn boýly, gara gözli, ak ýüzli gyz ýylgyryp Nazaryň ýanyna geldi-de:

— Salam, guş deý uçup geldiňizmi? — diýip, degişme äheňinde gepledi.

Nazar onuň çekinmän, birden beýle degişmä geçenine haýran galyp:

— Özümiň aýdyşym ýaly, siziň gaýtalaýşyňyz ýaly bolup gelendirin, Keýik gyz! — diýdi.

— Tüweleme, eýýäm adymam, boýdaşymyň agzyndan kakyp alypsyňyz-a.

— Gerek zadyňy nädip alsaňam almaly bolýar.

Onýança awtobus geldi. Gyz:

— Hany, telefonymy beriň! — diýip, Nazaryň elinde tutup duran telefonyny aldy-da: — Sag boluň! — diýip, howlugyp awtobusa mündi. Nazar awtobusyň yzyndan seredip galyberdi.

Birnäçe günläp Nazaryň hyýalynda Keýigiň keşbi saklandy. Ýöne wagt diýilýän zadyň geçmegi bilen, adamda nämedendir galan täsirler nähili güýçli bolsa-da, kem- kem öz güýjüni ýitirip başlaýar. Keýigiň keşbi hem Nazaryň hyýalyndan barha daşlaşyp barýardy. Emma ykbal diýen gudratyň elinden gelmeýän zat ýok. 0l Nazary ýene özi maňlaýyna ýazan gyzy bilen duşurdy.

Bu gezek şeýle boldy. Şol gün Nazaryň iş ýerinde Aşgabatdan gastrola gelen teatryň spektaklynyň örän gyzyklydygy hakynda gürrüň boldy. Nazar hem işdeş ýoldaşy Mäti bilen agşam şol spektakly görmäge teatra bardylar. Olar biraz gijä galyp barypdyrlarmy, petek alyp girenlerinde zal tomaşaçylardan doludy. Petekde ýazylan ýerlerini tapyp, oturmakçy bolanlarynda özleriniň ýeriniň gapdalynda oturan gyza nazary kaklyşan Nazaryň ýüregi jigläp git¬di. Bu Keýikdi. Keýik ýanyndaky gyz bilen gürleşip oturşyna, gapdalyndaky boş ýere gelip oturanyň kimdigine üns bermedi. Gyzlaryň gürrüňi gutararyna mähetdel Nazar:

— Salam, Keýik! — diýdi. Gyz gapdalyna ýalta seredip, Nazary tanady:

— Wiý, bu sizmi?

— Näme, men özüme meňzämokmy? — diýip, Nazar ýylgyrdy.

— Meňzeýäniňiz üçin soradym-da — diýip, Keýik hem mylaýym ýylgyrdy. Şol wagt zaldaky yşyklar öçüp, sahna ýagtylandy, spektakl başlandy.

...Daşary çykanlarynda Nazar:

— Keýik, seni öýüňe çenli ugratmak

mümkinmi — diýdi. Gyz bu teklibe garşy däldigini bildirmän:

— Gerekmi şu... ugratmak? — diýdi.

— Gerek bolansoň aýdýan-da — diýip, Nazar ýylgyrdy.

Keýik soňra ekabyrlanyp:

— Näme üçin gerekdigini aýtsaň razylyk bereýin — diýdi.

— Ony ýolda aýdýan.

—Aýdanyň maňa ýakmasa, öýkelederin. Şoňa razy bolsaň gidäýeli!

— Men razy, gitdik! Keýigiň boýdaşy bilen Nazaryň dosty öz ugurlaryna gitdiler. Olar bolsa başga ugra ýöneldiler. Ýolda Nazar Keýigiň aşaklyk bilen özüni synlaýandygyny aňyp, özüniň nähili hem bolsa gyzda bir ýakymly täsir galdyrandygyna gözýetirdi. Keýik onuň ýolda aýdaryn diýen sözüne garaşdy.Ýöne Nazar nämäniňdir pi- kirini edip, dymyp gelýärdi. Onsoň Keýigiň özi soramaly boldy:

— Ýolda aýtjak diýeniňi aýtmadyň-a?

—Aýtjagym... Telefon belgiňi beräýseň...

— Meniň telefon belgim saňa näme üçin gerek,oglan?

— Men seniň şunuň ýaly soragyňa duralgada jogap beripdim — diýip, Nazar ýylgyrdy.

— Jogabyň ýadymda. Bolýar, juda gerek bolsa bereýin — diýip, Keýik mylaýym äheňde aýtdy.

Keýigiň el telefonynyň belgisini bermegi Nazar üçin elýetmez bagtdy. Çünki ol bu agşam öz bagtyny tapanyna ýüregi bilen ynanýardy.

Arazgeldi ÝEGENOW,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Başga makalalar
165bcdd8955012.jpeg
Durmuş hakykatyny ýazan

Ussat ýazyjy Hojanepes Meläýewiň ýiti galamyndan çykan «Tylla teňňeler», «Düýnki gelinler», «Daň ýyldyzy», «Garagumuň bürgütleri», «Durmuş dowamaty», «Aşyk oglan», «Ynsan keşbi» ýaly kitaplary öz döwründe okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Golaýda ýazyjynyň maşgalasy, halypa žurnalist Kümüş Meläýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:


165a96965a6c7e.jpeg
GONŞULAR (Hekaýa)

Bu wakalaryň bolan döwri — geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, köçelerde ýeňil ulaglar gaty seýrekdi. Obada bolsa bir ýa iki adamda ýeňil ulag bardy. Şeýle bolansoň, ýeňil ulagly adamlar beýlekilere garanda mertebeliräk görünýärdi, goňşy-golamlaryň olara hormaty hem artygrakdy. Ýöne bu hormatyň aňyrsynda gerek wagty ulagyndan peýdalanarys diýen tamakinçilik hem ýok däldi.


162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy.

16229f9e9aeedc.jpeg
MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndy- ryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.


161fb6fb41cb51.jpeg
AMATLY WE ÝOKARY HILLI

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.