GONŞULAR (Hekaýa)

23:09 18.01.2024

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6560/original-165a96965a6c7e.jpeg

Bu wakalaryň bolan döwri — geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, köçelerde ýeňil ulaglar gaty seýrekdi. Obada bolsa bir ýa iki adamda ýeňil ulag bardy. Şeýle bolansoň, ýeňil ulagly adamlar beýlekilere garanda mertebeliräk görünýärdi, goňşy-golamlaryň olara hormaty hem artygrakdy. Ýöne bu hormatyň aňyrsynda gerek wagty ulagyndan peýdalanarys diýen tamakinçilik hem ýok däldi.

Ine, bir gün goňşymyz Nazar aga şonuň ýaly hormatlanylýan ýeňil ulagly adam boldy duruberdi. Altmyş ýaşa golaýlan kolhozyň bagbany Nazar aganyň köp ýyllyk zähmeti nazara alnyp, etraba gelen üç sany «Moskwiç» kysymly ýeňil ulagyň biri ýörite karar bilen oňa satylmaly edilipdir. Bagda işläp ýören Nazar aga bu habar ýetirilende, ol derhal köneje tigrine atlanyp, öýüne eňdi. Gapydan girip-girmän:

— Keýwany, bärikçyk! Buşluk habar bar — diýip gygyrdy. Içerki otagdan çykan aýaly Dursun daýza:

— Nämäniň buşlugy?—diýip, howlugyp sorady.

— Bize maşyn beripdirler, «Moskwiç» maşyn. Hany, süýşürip goýan puluňy çykar! Men häzir garaždaky şopur oglanlaryň biri bilen maşyny alyp geljek.

Dursun daýza begenjine ulagyň bahasynam soraman, süýşürintgilerini çykaryp, adamsynyň eline tutdurdy.

— Bahasyny dört müň näçe diýdiler, men munyňdan bäşi alyp gideýin, ätiýaçdan. Ýetmän durandan, artyp galsyn! — diýip, Nazar aga aýdan puluny aldy-da, çykyp gitdi. Begenjine günortanlyk edinmegi-de ýadyndan çykaryp, howlugyp giden Nazar aga ikindine golaý bir akja reňkli «Moskwiji» birine sürdürip alyp geldi. Ulag gelip, Nazar agalaryň gapysynda saklanandan goňşy-golam, oglan-uşak ulagyň daşyna üýşüp, ondan ýylgyryp düşen Nazar agany, Dursun daýzany «Höwri köp bolsun! Nesip etsin!» diýşip, gutlap başladylar. Aýratynam, öýüniň garşysyndaky özi bilen deň-duş Allam sary diýen goňşusy: «Nazar baý, tüýs ýüregimden gutlaýan! At arkasy gutly bolsun! Höwri köp bolsun! Toýlara müneli!» diýip, sesine bat berip gutlaýardy. Şonda gapdalda duran Juma diýen goňşusy:

— Eý, Allam, sen «toýlara müneli» diýýäň weli, maşyna şärikligiň barmy? — diýdi.

— Şeý diýsem, şärikligim bar diýdigim bolýamy?! «Goňşy goňşynyň bazary» diýipdirler. Goňşyňda bar zadyň birde bolmasa, birde haýry deger.

— Juma, Allamyň gepi galat däl. Uzakda-ýakynda toýa aýdylsa, nesip bolsa, bile bararys maşynda — diýip, Nazar aganyň özi gepe goşulyp, ol ikisiniň ýaňkalaşmasyny bes etdirdi. Birsalymdan gutlaşma-da gutardy. Adamlar dargaşmazdan öň, Allam sary gülümjiräp:

Nazarbaý,öňräk goňşy obalarda maşyn alan birki adam «maşyn toý» diýip, kiçiräk üýşmeleň hem edipdirler. Sen nä, hiç zat etjek dälmi? — diýdi. Nazar aga tebigaty boýunça polady ýumşak adam bolansoň, biri bir zat diýse «ýok» diýip bilmeýärdi, «bolýa» diýäýerdi. Ýöne bu sapar «ýok» diýmese-de:

— Aý, «maşyn toý» diýip, dabaralandyryp oturmaly-da, agşam gelseňiz, goňşular bolup, «maşyn ýuwuşma» edäýeli! — diýdi.

Goňşular Nazar aganyň gepini makullaşyp, agşam bäş-alty adam ýygnanyp «maşyn ýuwuşma» etdiler.

Nazar aga bir hepdä galyp-galman, ulagyny sürmäni hem öwrendi, hukuknama-da aldy. Ine, şundan soň öň köneje tigrini tigirläp, işine baryp-gelip ýören, hiç kimiň onuň bilen işi ýok Nazar aga indi goňşy-golamlara, garyndaş-doganlara juda gerekli adam boldy.

Ol ulagyny işine birinji sapar münüp, baryp gelen güni garşydaky goňşusy Allam sary gülümjiräp gelip, juda mähirli salamlaşyp-soraşyp, soňundan:

— Nazar baý, şäherdäki gudamyz toý başlapdyr, ikinji ogluny öýerýä, kyn görmeseň şoňa oňbolsuna baryp geläýeli, haýyş! — diýdi. Nazar aga aňsat görüp durmasa-da, «ýok» diýip bilmedi:

— Bolýa goňşy! Men bir çaý-suwumy içeýin.

— Baran ýerimizde çaý-suw bermezler öýdýäňmi, irräk baryp gelenimiz gowy — diýip, Allam sary ony çaý-suwunam içirmän alyp gitdi. Şol günüň ertesi gapdaldaky goňşusy Juma gelip:

— Nazar, Aşgabatda okaýan gyzymyzyň dynç alşy gutardy, ony wokzala eltip gaýdaýaly, haýyş! — diýdi. Nazar aga bu haýyşy hem bitirmeli boldy. Ondan soň, Al¬lam sarynyň gudasynyň toýy başlandy. Geňeşi bilen iki günläp ony sowuşmaly boldy. Aradan bir-iki gün geçensoň, işinden ýadap gelen Na¬zar aganyň öňü¬ne bir çäýnek çaý getirip goýan aýaly Dursun daýza:

— Kakasy, gaty ýadaw dälmiň? — diýip, gürrüňe başlady: — Meniň ýanyma ýaňyrak goňşymyz Selbi daýza geldi. Şu ýyl mekdebe baran ogly gije ýatan ýerine buşugyp çykýamyşyn. Boldumsazda şol keseli bejerýän bir tebip barmyşyn. «Nazar bizi şoňa eltip gelse, bir sogap gazanardy» diýip, gözüne ýaş aýlap otyr. Nätjek?

Nazar aga derrew jogap bermedi. «Bä, bu nähili boldy? Maşynyň bolsa öýüňde dynç oturtjak däller-ow. Beýlekileriň haýyşyny bitirdim. Indi bu aýala ýok diýsem bolmaz» diýip oýlanan Nazaraga:

— Boldumsaz ýakyn ýer däl. Bu gün giç boldy. Ertir işden irräk gelerin. Onsoň baryp gaýdaýarys — diýdi.

Nazar aga aýdyşy ýaly, ertesi işinden öýläne golaý geldi. Onuň ir gelenini gören Allam sary ol ulagdan düşen badyna ylgap geldi-de:

— Bä, Nazar baý, Hudaý diýseň, Hudaý ýetirjek ekeni, meniň kösenip duranymy bilip, seniň işden ir geleniňi diýsene...

— Allam! — diýip, Nazar aga onuň sözüni böldi: — Men işden seniň üçin ir gelemok, düýn goňşy Selbä söz beripdim. Boldumsaza baryp gelmeli işi bar eken.

Allam sarynyň ýüzi boz-ýaz boldy:

— Bolýa-da, Selbi saňa menden ýakyn bolsa, onuň ýumşuny bitiräý! Men başga ulag taparyn — diýip, gyşaryp gitdi.

Bu sapar Nazar aga bir goňşusynyň göwnüni awlap, bir goňşusynyň göwnüni ýykdy. Şeýdip, Nazar aga käbirleriniň göwnüni awlap, käbirleriniň bolsa göwnüni ýykyp, özem ulag sürmekden bizar boldy.

Bir gün işe geleninde, pyýada bolsada, özünden öň gelen kömekçisi:

— Nazar aga, maşyn alalyň bäri öň tigriňi aýlap ýadan aýagyň indi rahatlyk tapandyr? — diýdi.

— Wah, inim, aýagym rahatlyk tapsa-da, özüm rahatlyk tapamok — diýenini Nazar aganyň özi-de duýman galdy. Nazar aganyň öz agzyndan çykan sözi özüne täsir etdimi, ulagyny satyp, ýene-de köneje tigri bilen oňşubermek hyýalyna mündi. Emma onuň kalbyndaky adamkärçilik duýgusy muňa ýol bermedi. Ol duýgy oňa: «Na¬zar, adamlara haýryň, kömegiň degip ýörenine gynanma! Hiç kime haýry degmeýän adamdan Hudaý saklasyn!» diýen ýaly boldy.

Reýimbaý SABYROW.

Başga makalalar
165bcdd8955012.jpeg
Durmuş hakykatyny ýazan

Ussat ýazyjy Hojanepes Meläýewiň ýiti galamyndan çykan «Tylla teňňeler», «Düýnki gelinler», «Daň ýyldyzy», «Garagumuň bürgütleri», «Durmuş dowamaty», «Aşyk oglan», «Ynsan keşbi» ýaly kitaplary öz döwründe okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Golaýda ýazyjynyň maşgalasy, halypa žurnalist Kümüş Meläýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:


162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy.


16229fa7e75bf6.jpeg
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)

Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:

16229f9e9aeedc.jpeg
MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndy- ryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.


161fb6fb41cb51.jpeg
AMATLY WE ÝOKARY HILLI

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.