Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly ildeşler!
Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Eziz Diýarymyzda parahatçylygyň hem-de asudalygyň kepili bolan hemişelik Bitaraplygymyza bagyşlanan bu serginiň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin!
Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giň gerim bilen guralýan bu sergi hem-de onuň çäklerinde geçiriljek çäreler dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda tanalýan baky Bitarap Türkmenistanyň sebit we dünýä ýurtlaiynyň abadançylygyna gönükdirilen başlangyçlarynyň uly goldaw tapýandygynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, parahat, asuda zähmetiň netijesinde ösen tehnologiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetimizde we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Eziz watandaşlar!
Türkmenistanyň Bitaraplygy türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däpleriniň dowamy, türkmen döwletiniň mäkäm tutulan binýady, parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň ygtybarly kepilidir.
Bitarap ösüşimiziň 25 ýyly içinde berkarar döwletimiz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm edaralarynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanmagy, bu Guramanyň taryhy Rezolýusiýasy bilen 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem türkmen tarapynyň teklibi boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça giňden hyzmatdaşlyk etmekde ýurdumyzyň saýlap alan ugrunyň dogrudygyny aýdyň tassyklaýar.
Bu resminamalar Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça daşary syýasatynyň bähbitlerine laýyk gelmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ornuny we at-abraýyny has-da berkidýär.
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Eziz adamlar!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalarymyz, düýpli özgertmelerimiz beýik maksada - Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Hemişelik Bitaraplygyň şöhratly 25 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgetmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gin gerim bilen gurlup, işe girizilýän häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar, olarda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümler bu gün halkara bazarlarynda barha gin orun alýar. Bu bolsa, milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Hut şonuň üçin hem, bu gün uly dabara bilen açylýan we 12 gün dowam etjek sergi hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuny baýram edýän Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikleriň, guwandyiyjy sepgitleriň, nesillerimiziň bagtyýar zamanada sagdyn bedenli, bilimli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan işlerimiziň, halkymyzyň ýeten beýik derejeleriniň aýdyň beýany bolar.
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly ildeşler!
Biz ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Berkarar döwletimizi dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky syýasatymyzy doly derjede amala aşyrarys.
Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
15-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Petronas “OGT 2025” 30-njy halkara sergisiniň we maslahatynyň brilliant hemaýatkäri boldy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2025) guramaçylyk komiteti Malaýziýanyň PETRONAS energetika kompaniýasynyň bu möhüm çäräniň brilliant hemaýatkäri bolandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

OGT 2025: Türkmenistan dünýä energetikasynda täze döwre gadam basýar
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň 30-njy şanly senesi dünýäniň energetika bazarynda ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde eýeleýän ornuny tassyklamak bilen, oňa dünýäniň köp sanly döwletlerinden wekilleriň gatnaşýandygyny görkezýär.

Nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Сотрудники «Nebitgazylmytaslama» способствуют росту добычи нефти в Туркменистане
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň gatlagyň fizikasy barlaghanasynyň müdiri Ýazberdi BÄŞIMOW: