Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Energetika forumy geçirildi
Şu gün «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň binasynda «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlandy.
Maslahaty «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri «Turkmen Forum» bilen hyzmatdaşlykda guradylar.
Ählumumy pandemiýa zerarly halkara gatnawlaryna girizlen wagtlaýyn çäklendirmeleri nazara alyp, forum şol bir wagtyň özünde onlaýn görnüşde hem geçirilýär. Forum dünýäniň 33 döwletinden 59 sany kompaniýanyň wekillerini jemledi. Şolaryň ýarysy onlaýn usulda foruma gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda — PETRONAS, CNPC, LUKOIL, SOCAR, Dragon Oil ýaly iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle hem onlarça abraýly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, şol sanda Halkara gaz bileleşiginiň, Ýewropa Energetika Hartiýasynyň, Ählumumy gaz merkeziniň, Energetika barlaglar boýunça Oksford institutynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri bar.
Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Forumyň gün tertibine energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri girizildi. Plenar mejlisiň çäklerinde energetika howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde transmilli turba geçirijileriniň ähmiýeti; COVID-19-dan soň, dünýä energetikasynda tebigy gazyň orny; energetika ulgamynda durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde Energetika Hartiýasynyň döwrebaplaşdyrylan şertnamasy; känleri işläp taýýarlamakda serhetara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sessiýalarda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy — durnukly hyzmatdaşlygyň girewi; Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy; gazyň ählumumy bazarlary we ony ibermek; Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri; sebitiň energetika bazarynda TOPH taslamasynyň orny; Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde durnukly ösüşi goldamakda tebigy gazyň orny we beýlekiler maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen deslapdan ylalaşylan duşuşyklar geçirildi.
Dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde nebitiň we gazyň möhüm ornuny göz öňünde tutup, bu halkara maslahaty pudaklaýyn hünärmenler bilen pikir alyşmaga, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen göni gepleşikleri ýola goýmaga ýardam eder.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.