Gatyk

Gatyk taýýarlamak üçin islendik süýdi ulanyp bolýar, ýöne esasy zat onuň tebigy bolmagydyr.
Gatykda turşy süýt bakteriýalarynyň birnäçe görnüşleri bar. Şonuň üçin hem onuň ýokumlylygy ýokarydyr. Gatygyň düzümindäki mikroorganizmler adam bedeninde zyýanly bakteriýalaryň ösmeginiň öňüni alýar, iýmit siňdiriş ulgamynyň sagdyn deňagramlylygyny dikeltmäge we bedeniň gorag funksiýalaryny ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Gatygyň düzüminde köp mukdarda mis, kalsiý, kremniý, fosfor, demir, sink hem-de E, A, D we B witaminleri bar. Şeýle hem onuň az kaloriýaly görnüşleri bolup, berhiz tutýan adamlara bu önümi ulanmaga mümkinçilik berýär. Ony göwreli we çaga iýmitlendirýän aýallara peýdalanmak maslahat berilýär. Içgi diňe bir holesteriniň we şekeriň derejesini peseltmek bilen çäklenmän, böwrek daşlarynyň döremeginiň öňüni alýar, bedeniň işjeňligini gowulandyrýar.
Bu önümiň görnüşleri, esasan, ýagly bolansoň, semizlik bilen göreşýän adamlara gatygy ulanmak maslahat berilmeýär.
Resul SAHATOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.